Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Gyrgyzystana 3,5 million dollar berer


Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy Gyrgyzystandaky neşe gaçakçylygyna garşy göreş maksatlary üçin ýurduň hökümetine 3,5 million dollara golaý maliýe ýardamyny bermekçidigini mälim etdi.

Gyrgyzystanyň neşä garşy göreş boýunça agentligi şu günki gün ýurtda neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan 70-den gowrak jenaýatçylyk toparynyň anyklanandygyny aýdýar.

Bu agentligiň direktorynyň orunbasary Timur Madýarowyň aýtmagyna görä, geçen ýylyň awgustyndan bäri Gyrgyzystanda 27 tonna bikanun neşe maddasy ele salnypdyr.
XS
SM
MD
LG