Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatarly hökümetler Siriýa boýunça BMG-e ýüzlenmekçi


Duşenbe güni Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň hökümetleri Siriýada protestçilere garşy ýarag ulanylmagy bilen baglanyşykly waka boýunça Birleşen Milletler Guramasy üçin ýörite ýüzlenmäniň tekstini taýýarlaýandyklaryny mälim etdiler.

Duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun hem hepdäniň duşenbe güni Siriýanyň Daraa şäherinde tanklar we agyr ýaraglar bilen protestçilere garşy edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.

Deslapky maglumatlara görä, protestçilere garşy edilen şol hüjümde azyndan 40-a golaý adam ölüp, 70-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Bu wakanyň yzy bilen, düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň häkimiýetlerine garşy täze sanksiýalary girizmekligi göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG