Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň hökümet binalaryndan biri weýran boldy


Liwiýada NATO güýçleriniň geçiren howa hüjüminde ýurduň paýtagty Tripolide Muammar Kaddafiniň hökümet binalaryndan biriniň weýran bolandygy barada maglumat alyndy.

Liwiýanyň resmi habar çeşmeleri bu hüjümiň netijesinde Tripoli şäheriniň merkezinde 45 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. NATO-nyň resmileri bu howa hüjüminde paýtagt Tripolidäki kommunikasiýa merkeziniň nyşana alnandygyny aýdýarlar.

Bu wakanyň fonunda bolsa Tripoli şäherinden 215 kilometr gündogarda ýerleşýän Misurata şäherinde oppozision gozgalaňçylar ýurduň lideri Muammar Kaddafä tarapdar ýaragly güýçleri bu şäherden gysyp çykarandyklaryny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG