Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň delegasiýasynyň Aşgabada sapary köp garaşdyrylan ylalaşygyň ykbalyna täsir eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berýär. 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata berýär. 2010-njy ýylyň 31-nji maýy.

27-nji aprelde Ýewropa Bileleşiginiň resmi delegasiýasy Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny synlamak üçin bu ýurda sapara barýar.

Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça planlaryna täsir ýetirer.

Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň haýsy-da bolsa bir ýurt bilen baglaşýan ylalaşygyna öz täsirini ýetirýän organdyr.

Ýewroparlamentiň Daşary işler boýunça komiteti şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyny makullapdy. Şondan soň, bu dokumentiň Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmagyna päsgelçilik galmandy.

Emma indi Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişinde öňegidişligiň bolmazlygy Ýewropa Parlamentiniň öz kararyny üýtgetmegine sebäp bolup biler.

Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komitetiniň agzasy, Portugaliýanyň Ýewropa Parlamentindäki wekili Ana Gomesiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň ýene bäş kärdeşi bilen Türkmenistana etjek sapary bu ýurt bilen “Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baradaky garaýyşlary kesgitlär”.

Gomesiň sözlerine görä, Ýewropa Parlamentiniň karary esasan “öz wekilleri tarapyndan Türkmenistanda toplanjak maglumatlara bagly bolar”.

Syýasy tussaglar


Ýewropa Parlamentiniň resmileri Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklardan daşgary syýasy tussaglaryň ýanyna baryp görmegi-de planlaşdyrýarlar. Iňňän ýapyk türmelere barmaga rugsat beriljeginiň ähtimallygy ujypsyz bolsa-da, olar muňa umyt baglaýarlar.

Delegasiýanyň Türkmenistana saparyndan soň taýýarlanjak hasabat esasynda Ýewropa Parlamentiniň Daşary işler boýunça komiteti ses berişligiň yza tesdirilmegi ýa tesdirilmezligi barada karar çykarar, bu mesele boýunça iýun aýynda ses berişlik geçirilmeli.

Emma Ana Gomesiň sözlerine görä, ylalaşygyň soňa goýulmagy Türkmenistanyň üzňeleşdiriljegini aňlatmaz.

“Hiç kim haýsy-da bolsa bir ýurt babatynda çetleşdirmä, üzňeleşdirmä paýhasly çäre hökmünde garamaýar. Bu adam hukuklaryny we kanunçylygy gowulandyrmaga isleg bildirmeýän režimlere hem degişli. Türkmenistana ediljek bu saparyň netijelerine seredeliň, bu adam hukuklaryna we kanuna hormat goýmak meselesine gönükdirilen sapardyr” diýip, Gomes aýdýar.

Türkmenistan bilen Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygy yza tesdirilse, bu ýagdaý Ýewropa Parlamentiniň we Ýewropa Bileleşiginiň täze diplomatik edarasy bolan Ýewropanyň Daşarky hereketler boýunça gullugynyň (EEAS) ugurlaryny biri-birine garşy goýar.

Ýewropanyň Daşarky hereketler boýunça gullugy Brýusseliň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny sazlaşdyrýan wagtlaýyn söwda ylalaşygyny kämilleşdirmek isleýär we munuň Ýewropa Bileleşigine türkmen režimine täsir ýetirmek boýunça gural boljagyna ynanýar.

Merkezi Aziýanyň beýleki dört döwleti Ýewropa Bileleşigi bilen Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny eýýäm baglaşdylar. ÝB-niň diplomatynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şeýle ylalaşyk “režim bilen ysnyşmaga we dialogy güýçlendirmäge” şert döreder.

Ýewropa Parlamentinde ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň geljegine degişli gapma-garşylyklar hem bar. Bu düşünişmezlikler partiýalaryň arasyndaky tapawutlylyga ýa-da ÝB-niň parlamentini daşary syýasat babatda ikä bölýän Gündogar-Günbatar okuna esaslanmaýar.

Ýewropa Parlamentinde ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň geljegine degişli gapma-garşylyklar bar.
Ýewropa Parlamentindäki çeşmeleriň biriniň maglumatyna görä, bu gapma-garşylyklar biznesiň we adam hukuklarynyň tarapdarlarynyň arasyndaky gapma-garşylykdyr.

Bir topar Türkmenistanyň gaz zapaslarynyň potensiýalyny we munuň ÝB-niň energiýa üpjünçiliginiň geljegi üçin ähmiýetini nygtaýar, şeýle-de ol Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekden el çekilse, bu ýurduň Orsýete we Hytaýa tarap süýşüp başlajagyndan heder edýär.

Beýleki topar ylalaşyga garşy ses berip biljek parlament agzalaryndan ybarat. Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin ýeterlik gurallaryň ýokdugyny aýdýarlar. Bu topar Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary kämilleşdirmek üçin Türkmenistanyň hiç bir talaplary diňlemeýändigini öňe sürer.

Talaplar

Agzalýan talaplar syýasy tussaglaryň boşadylmagyny, dissidentleriň we aktiwistleriň syýahat etmegine bar bolan çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny we ýurda adam hukuklary boýunça garaşsyz gözegçileriň goýberilmegini hem öz içine alýar.

Ylalaşygyň soňa goýulmagyna umyt baglaýan toparlaryň biri hem Nýu Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy. Guramanyň wekili Weronika Szente Golstonyň bellemegine görä, eger häzir ÝB Türkmenistan bilen ylalaşyk baglaşsa ýa-da haýsydyr bir görnüşde gatnaşyklaryny kämilleşdirse, onda bu “ÝB-niň üçünji ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň sütüni bolan adam hukuklary prinsiplerini gülkünç ýagdaýa düşürer”.

Szente Golston ÝB-niň öz partnýorlyk ylalaşygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça anyk işleriň amala aşyrylmagyna basyş etmezligine özüniň geň galýandygyny aýdýar.

“Adam hukuklaryna goldaw bermek we energiýa hem-de beýleki strategik bähbitlere kowalaşmak aýry-aýry maksatlar däl. ÝB bir wagtyň özünde bularyň ikisini hem etmegi başarmaly” diýip, Szente Golston nygtaýar.

Geçen hepde Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Ýewroparlamentiň Daşary işler komitetinde çykyş edip, Brýusseliň Türkmenistandaky ýagdaýdan habarlydygyny öňe sürdi we ÝB-ni bu ýurt boýunça strategiýasyny üýtgetmäge çagyrdy .

“Meniň düşünmeýän zadym – Ýewropa Bileleşiginiň şu zatlary bilip hem, Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri boýunça strategiýasyny üýtgetmezligi. Diňe syýasy dialog, dialog, dialog, dialog. Bu dialoglar ýigrimi ýyl bäri geçirilip gelinýär. Belki geljekde käbir zatlaryň üýtgemegi mümkin. Emma ýigrimi ýyl diýmek adamlar üçin örän uzak döwür” diýip, Tuhbatullin aýtdy.

Onuň çagyryşlaryna Gollandiýada ýerleşýän “Türkmen graždan demokratik bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mammedow hem goşuldy. Ol ÝB-ni Aşgabatdaky režim bilen adam hukuklary meselesinde açyk gürleşmäge çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG