Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemeniň hökümetiniň geçiş plany ylalaşylar


Çarşenbe güni Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda Ýemeniň hökümetiniň geçiş plany boýunça ylalaşyga gol çekiler. Oňa hökümet agzalary we oppozisiýa wekilleri gatnaşarlar.

Pars aýlagy döwletleri tarapyndan taýýarlanan şol plana laýyklykda, Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh öz wezipesinden bir aýyň dowamynda çekilmeli. Şondan soňra milli bitewilik hökümeti dörediler. Salehe hem howpsuzlyk kepil geçilýär.

Ylalaşyga gol çekmek çäresi Birleşen Ştatlaryň ilçisiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Aýlakdaky döwletleriň hem BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Ýemende ýanwar aýynda hökümete garşy başlanan demonstrasiýalarda 130-dan gowrak adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG