Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Deraa şäherinde 25 adam heläk boldy


Siriýanyň Deraa şäherinde hökümete garşy köpçülikleýin tolgunyşyklar bolýan ýere habry güýçler eltildi.

Hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä, geçen gije-gündizde bu şäherde 25 çemesi adam heläk bolupdyr.

Siriýanyň resmileri köpçülikleýin protestler gurşap alan birnäçe şähere harby güýçleriň girizilmeginiň “ol ýerlerde düzgün-tertibi ýola goýmak maksady bilen edilendigini” aýdýar.

Resmileriň aýtmagyna görä “terroristik toparlaryň” agzalary tussag edilipdir.

Ýerli ýaşaýjylaryň we hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä, birnäçe hepde bäri dowam edýän köpçülikleýin tolgunyşyklarda ýüzlerçe adam ölüpdir.

Waşington Siriýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini mälim edýär. Şeýle teklibi Fransiýa bilen Beýik Britaniýa hem öňe sürýär.

Ähtimal sanksiýalar hökümete garşy geçirilýän tolgunyşyklara garşy Siriýanyň häkimiýetleriniň güýç ulanýandygy üçin giriziler.
XS
SM
MD
LG