Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň öňki içeri işler ministri sud edilýär


Müsüriň öňki içeri işler ministri Habib al-Adli şu gün Kairde suduň öňüne eltildi. Ol Müsürde bolan köpçülikleýin tolgunyşyklarda demonstrantlary oka tutanlykda aýyplanýar.

Şol köpçülikleýin tolgunyşyklar netijesinde, Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek wezipesinden çetleşdirilipdi.

18 günläp dowan eden köpçülikleýin protestlerde, resmi maglumata görä, 846 adam öldi, birnäçe müň adam bolsa ýaralandy.

Öňki ministr döwlet emlägini bikanun harç edenlikde hem aýyplanýar.

Frans-pressiň habar bermegine görä, şol gurban bolanlaryň maşgala agzalaryndan birnäçesi sud edarasynyň öňünde protest geçirip, oňa ölüm jezasynyň berilmegini talap edipdirler.
XS
SM
MD
LG