Sepleriň elýeterliligi

Sarkozi bilen Berluskoni “Şengeni” maslahatlaşýar


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Rimde Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoni bilen ÝB-niň serhetlerindäki kynçylyklar we serhetlere kontrollyk barada gepleşik geçirýär.

Duşuşyk Dermirgazik Afrikadan gelýän bosgunlaryň sanynyň aşa artmagy bilen baglanyşykly geçirilýär.

“Italiýa bilen Fransiýa Şengen şertnamasyndan, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň çäginde adamlaryň ol ýurtdan beýlekä erkin geçmek düzgüninden çykmakçy däl. Ýöne ol şertnamany reformirlemek gerek” diýip, Italiýanyň hökümet baştutany Berluskoni aýtdy.

Şu ýylyň başyndan bäri Tunisden we Dermirgazyk Afrikanyň beýleki döwletlerinden on müňlerçe bosgun rugsatsyz Ýewropa geçipdir.

Sarkozi bilen Berluskoni NATO-nyň Liwiýada geçirýän habry operasiýalaryny hem maslahatlaşarlar.
XS
SM
MD
LG