Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaýdan $4,1 milliard karz aldy


Sişenbe güni Hytaý Türkmenistana ýene 4,1 millard dollarlyk karz bermäge ylalaşdy. Bu barada resmi Aşgabat habar berýär.

TDH-niň habar bermegine görä, Türkmenistan Hytaýdan alan pul kreditini geljekde tebigy gaz eksporty arkaly hasaplaşar.

Döwlet eýeçiligindäki “Türkmengaz” konserni bu puly Türkmenistanyň eksport güýjüni ýokarlandyrmak we Ýolöteniň günortasyndaky gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin ulanjakdygyny aýdýar.

Hytaý Türkmenistana 2009-njy ýylda hem 4 milliard dollarlyk karz beripdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Hytaýdan karz alan pulunyň mukdary jemi 8 milliard dollardan geçdi.

Sişenbe güni baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, soňky kredit 10 ýyllyk möhlet bilen berilýär diýip, “Associated Press” habar berýär.

2009-njy ýylda Türkmenistan täze gazgeçiriji arkaly Hytaýa gaz akdyrmaga başlady. 2015-nji ýyla çenli, bu gazgeçiriji doly güýjünde işläp başlar we ýyllyk 40 milliard kubometrlik gazy Hytaýa eksport eder. Taraplar gazyň söwda nyrhy barada maglumat bermeýärler.

Şeýle hem Hytaý şu ýyl Türkmenistan bilen täze ylalaşyk baglaşyp, geljekde satyn aljak türkmen gazynyň möçberini jemi 60 milliard kubometre çykarar diýlip, habar berilýär. Munuň üçin täze gazgeçiriji gurlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz tebigy gazyny Orsýete we Eýrana hem satýar, geljekde bolsa ony Ýewropa, Owganystana, Pakistana we Hindistana hem eksport etmegi maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG