Sepleriň elýeterliligi

“Talibana” nähili çemeleşmeli?


“Taliban” söweşijileri Ganzi welaýatynyň Andar etrabyndaky metjitde, 2009-njy ýylyň 28-nji apreli.

“Taliban” söweşijileri Ganzi welaýatynyň Andar etrabyndaky metjitde, 2009-njy ýylyň 28-nji apreli.

Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda ýerleşýän we NATO guramasyna degişli ýüz müňden gowrak daşary ýurt harbylarynyň şu ýylyň iýul aýyndan başlap, Owganystany terk edip başlajakdygy aýdylýar.


42 ýurdy öz içine alýan NATO-nyň we Parahatçylygy goldaýjy Halkara güýçleriň Owganystany terk etmek prosesiniň 2014-nji ýylyň iýulyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Daşary ýurt harbylarynyň Owganystana baranyna 10 ýyl töweregi wagt boldy, ýurtda alnyp barylýan işler we harbylary zerur bolan serişdeler we enjamlar bilen üpjin etmek üçin her aý milliardlap çykdajy edilýär. Netijede çykdajylar bilen bir hatarda ölüm-ýitimli wakalar sebäpli şol harbylaryň çaltrak yzyna çagyrylmagy barada Owganystana goşun iberen ähli ýurtlarda ilat tarapyndan hökümete basyş edilýär.

Emma, beýleki tarapdan, NATO-nyň ýurtdan çekilen halatynda Owganystanyň gaýtadan “Taliban” tarapyndan basylyp alynmak howpy hem bar. Bu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Owganystanyň öňki daşary işler ministri we 2009-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda prezident Hamid Karzaýyň esasy bäsdeşi bolan Dr. Abdullah Abdullah bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: “Talibanyň” Owganystanda gurulmagy planlaşdyrylýan demokratik we durnukly sistemada nähili ornunyň boljakdygyny göz öňüne getirýärmisiňiz?

Owganystanyň öňki daşary işler ministri Dr. Abdullah Abdullah
Dr. Abdullah:
“Talibanyň” özenini emele getirýän esasy topar demokratik we durnukly Owganystanda özleriniň roly bolar öýdüp, pikir edenoklar. Olaryň göz öňünde tutýan edaralary we şol edaralaryň düzgünleri başgaça.

Emma teoria taýdan gürrüň etsek, haçanda olar terroristik guramalar bilen gatnaşyklaryny kesip, dartgynlykdan ýüz öwürseler we häzirki sistema boýun egip, döwletiň kesgitlän düzgünleri esasynda hereket etseler, öz seslerini şol kanuny çäklerde eşitdirmäge synanyşsalar, syýas iş alyp barmaklary üçin olara ýurtda mümkinçilik berilmeli.

Men “Talibanyň” esasy toparynyň şeýle pikir edýänligine ynanamok. Olar gazanylan üstünlikleri we edaralary ýykmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda hökümeti häzirki bolşy ýaly kabul etmäge we oňa goşulmaga razy bolmaýan toparlara nähili çemeleşilmeli?

Dr. Abdullah: Siziň harby taýdan basyşlaryňyzy dowam etdirmekden başga çykalgaňyz ýok. Olary ilatdan üzňeleşdirip, halky özüňe çekmäge synanyşmaly. Halky özüňe tarap çekip, talyplary bolsa ilatyň arasynda orun tapmaz ýaly ýagdaýa salmaly. Şol bir wagtyn özünde-de hökümetiň hataryna goşulmak we parahatçylykly ýagdaýda ýaşamak isleýän adamlar üçin gapy mydama açyk bolmaly.

Ýene bellenmeli bir zat: ‘Talibanyň” merkezleriniň we lagerleriniň weýran edilmegi hem möhüm. Haçanda olaryň Pakistandaky lagerleri iş alyp barmagyny dowam etdirse, “Talibanyň” hereketleriniň özgerjekdigi soragly bolup galar.

Azatlyk Radiosy: Siziň “talyplara garşy çäre görülmeli” diýlen pikiriňiz barada soramakçy, häzirki sistemany kabul etmeýän toparlara garşy çäre görmeli diýeniňizde, harby çäräni hem göz öňünde tutýarsyňyzmy?

Dr. Abdullah: Elbetde, ol harby çäreleri hem öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde “Taliban” bilen barlyşyga gelmeli diýlen mesele hakda Günbatarda orän köp gürrüň edilýär. Eýse, siz bu syýasata nähili baha berýärsiňiz?

Dr. Abdullah: “Taliban” bilen gepleşikler geçirilmeli diýlen meselä men garşy däl. Emma onuň şertleri gaty aç-açan bolmaly. Meniň alada edýän zadym – talyplary güýçlendirjek ädim ädilmeli däl.

Şol bir wagtyň özünde-de “Taliban” bilen gepleşikler geçirmekligiň gazanylan üstünlikleriň ýitirilmegine sebäp bolmajakdygyna halky ynandyrmaly. Sebäbi “Taliban” bilen gepleşikler geçirmek bilen bir hatarda gazanylan üstünliklere eýe çykmak hem möhüm.

Häzirki döwürde geçirilýän özara gepleşiklerde, öňki gazanylan üstünlikleri gorap, bu gepleşigiň parahatçylygy ornaşdyrmaga nähili goşant goşup biljekdigi barada anyk zat aýdylmaýar we bu ugurda halka ýeterlik maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy: “Talibanyň” Türkiýede öz wekilhanasyny açjakdygy barada, ýagny olara Stambulda ofis açmaga rugsat ediljekdigi hakda köp gürrüň edilýär. Eýse, siz bu pikire nähili garaýarsyňyz?

Dr. Abdullah:
Bu terrorizmiň kanunylaşdyrylmagyna ýol açar, biz muňa düýbünden garşy.

Azatlyk Radiosy: “Taliban” bilen gepleşikler geçirilmeli diýlen meselede Pakistanyň rol oýnap biljekdigi hakda, elbetde, kän gürrüň edilýär. Emma Eýran bu ugurdan nähili kömek edip biler?

Dr. Abdullah: Pakistan, elbetde, esasy rol oýnap biljek ýurtlaryň biri. Barlyşyk we gepleşikler boýunça komissiýa döredilmezden ozal, eger “Talibanyň” Pakistanda ýerleşýän lagerlerine garşy çäre görülse, ol has gowy bolardy. Bu Pakistanyň barlyşyk boýunça alnyp barylýan tagallalara goşup biljek iň uly goşandy bolardy.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, Waşingtonda Eýranyň hem konstruktiw rol oýnan halatynda talyplar bilen geçiriljek gepleşigiň asla şowly bolmajagyny aýdýanlar bar. Eýse, Eýran bu ugurda nähili rol oýnap biler?

Dr. Abdullah:
Men “Taliban” Eýranda ýerleşýändir ýa olaryň merkezleri we largerleri şol ýurtda iş alyp barýandyr öýdemok. Elbetde, regionda ýerleşýän ähli ýurtlar bu ugurda konstruktiw rol oýnap bilerler.

Azatlyk Radiosy: Owganystanda problemalar deýseň köp. Emma, siziň pikiriňizçe, olaryň arasynda iň möhümi we ulusy haýsy?

Dr. Abdullah: Häzirki döwürde Owganystanyň hökümeti bu ýurduň esasy problemalaryndan birine öwrüldi. Sebäbi ol halkyň talabyny ödäp bilenok we bar bolan mümkinçiliklerden hem peýdalanyp bilenok. Elbetde, terrorizm hem iň uly problemalaryň biri, sebäbi ol Owganystana we regiona geljekki döwürlerde hem ýaramaz täsirini ýetirmegi dowam etdirer.

Azatlyk Radiosy: NATO harbylarynyň 2014-nji ýyla çenli ýurdy doly terk etjekdigi aýdylýar. Eýse, bu ýagdaý sizi alada goýýarmy?

Dr. Abdullah: Men Owganystanda ýeterlik puluň sarp edilenligini we ummasyz ganyň akdyrylanlygyny bilýärin. Eger NATO 2014-nji ýylda ýurdy terk etjek bolsa, onuň yzynda galdyrjak edaralary bolmaly we şol edaralaryň ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýurdy dolandyrmaga ukyby bolmaly.

Owganystanda şeýle edaralar bolan halatynda men NATO-nyň ýurdy terk etmek baradaky planyna garşy däl. Olaryň ýurdy terk etmek baradaky karary her regionyň we etrabyň ýerli şertlerine görä amala aşyrylmaly. Owganystanyň we NATO-nyň bilelikde gazanan üstünlikleri goralyp bilinse, onda problema ýok.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde alnyp barylýan taýýarlyklar göz öňünde tutulsa, Owganystanyň hökümetiniň 2014-nji ýyla çenli ýurduň howpsuzlygyny üpjün edip biljek derejä ýetjekdigini pikir edýärsiňizmi?

Dr. Abdullah:
2014-nji ýyla çenli bu wezipäniň hötdesinden geler ýaly ýagdaýa ýetmek üçin käbir üzül-kesil kararlar kabul edilmeli we berk çäreler görülmeli. Ýagny, Owganystanyň hökümet edaralaryny güýçlendirmeli we beýleki problemalaryň hötdesinden gelmek we owgan halkynyň talaplaryny ödäp bilmek üçin ýurtda syýasy taýdan erk-islegi güýçlendirmeli.

Meniň pessimist bolup görnesim gelenok, emma bu mesele boýunça aladalanýanlygymy hem aýdasym gelýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda eden çykyşyňyzda sorajak bolýan temam hakda gysgaça gürrüň etdiňiz, emma eger mümkin bolsa has dolurak we anygrak jogap beräýseňiz: siz Günbataryň Owganystan boýunça syýasy strategiýasynyň diňe “Taliban” bilen gepleşiklere gönükdirilenligini we onuň ýalnyş ädimdigini aýtdyňyz, bu ugurda dolurak maglumat berip biljekmi?

Dr. Abdullah: Men Günbataryň syýasaty däl, belki soňky döwürlerde orta atylýan meýilleri hakda gürrüň edipdim. Syýasy proses näme diýlende, elbetde, talyplar bilen gepleşikler geçirmek, başga gürrüň edilýän zat ýok. Giňişleýin syýasy proseslere has köpräk üns berilmegine, hökümetiň ýurdy dolandyryş ukybynyň güýçlendirilmegine, kanunyň rüstemligine, adalatyň ýaýbaňlandyrylmagyna we ýurdy ösdürmek boýunça alnyp barylýan proýektlere has köp üns berilmegi ähli umumy strategiýamyzyň başa barmagyna uly goşant goşar.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdýan zatlaryňyz ullakan meseleleriň diňe sözbaşysy ýaly bolup eşidilýär, eger onuň jikme-jigine seretsek, o zatlary amala aşyrmaklygyň ýoly nähili?

Dr. Abdullah: Men saňa olary nähili ýagdaýda amala aşyryp bolmajagyny aýdaýyn. Meselem, şol maddalara ähmiýet berilmän, olar ünsden düşürilse we ähli tagalla harby strategiýa we “Taliban” bilen gepleşiklere gönükdirilse, bu maksatlara hiç haçan hem ýetip bolmaz.

Elbetde, owgan hökümetiniň bu ugurlarda halkyň talabyny ödemezligi esasy problema bolup durýar, men bu barada öňem aýdypdym. Eger gazanylmaga synanyşylýan zatlar hakda anyk gürrüň edilse, olar halkyň talaby bilen gabat gelse, elbetde, ilat hem olaryň amala aşmagyna öz goşandyny goşar.
XS
SM
MD
LG