Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezidenti Türkmenistana sapara barar


Şu gün giçlik Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana sapara barmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi prezident A.Lukaşenkonyň Türkmenistana etjek bu saparyna iki ýurduň dostluk-doganlykly gatnaşyklaryny mundan beýläk has-da ösdürmeklige tarap möhüm bir ädim hökmünde baha berýär.

Ýakynda, şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda türkmen-belarus hökümetara komissiýasynyň üçünji maslahaty hem geçirilipdi.

Şu günki gün Türkmenistan Belarus bilen, esasan, senagat we önümleri gaýtadan işlemek, oba-hojalyk tehnikalaryny we käbir beýleki tehniki enjamlary import etmek, gurluşyk, transport we kommunikasiýa pudaklary boýunça ýakyn hyzmatdaşlyklar alyp barýar.
XS
SM
MD
LG