Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili Aşgabatda duşuşyklar geçirdi


Sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky ýokary komissarlygynyň regional wekili Saber Azam Türkmenistanyň käbir edaralarynda duşuşyklar geçirdi.

Hususan-da, BMG-niň bosgunlar baradaky edarasynyň ýörite wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Mejlisinde türkmen resmileri bilen özara gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň dürli strukturalary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyklaryny has-da ösdürmek we kanunçylyk-hukuk sferasynda hyzmatdaşlyk alyp barmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saber Azam 27-28-nji aprelde Aşgabatda raýat hukuklaryna we Türkmenistanyň bu ugurdaky kanunçylygyna bagyşlanylyp geçiriljek ýörite seminaryň işine hem gatnaşar.
XS
SM
MD
LG