Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO: Kaddafiniň binalaryna edilýän hüjümler kanuny


Sişenbe güni Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň goranmak ministrleri Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň hökümet binalaryna geçirilýän hüjümleriň kanuny hüjümlerdigini nygtap çykyş etdiler.

Pentagonda geçiren özara gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşlarynda Britaniýanyň goranmak ministri Liam Foks bilen Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýts NATO güýçleriniň Liwiýanyň hökümet binalaryny bombalaýandyklaryna garamazdan, bu hüjümleriň maksadynyň Muammar Kaddafini nyşana almak däldigini bellediler.

Britaniýanyň goranmak ministri Liam Foks Muammar Kaddafi öz ýeňlişini näçe tiz boýun alsa, şonça gowy boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG