Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilki Çernobyl, ondan soň Fukuşima. Ýadro energiýasynyň geljegi barmy?


Fransiýanyň Pierrelatte şäherindäki atom elektrik stansiýasy
Fransiýanyň Pierrelatte şäherindäki atom elektrik stansiýasy

25 ýyl mundan ozal Çernobylyň 4-nji reaktorynda partlama bolanda ýadro energiýasy hem şonuň bilen birlikde ölüp gidäýjek ýalydy.


Radiasiýa ýel bilen Ukrainadan tutuş dünýä ýaýrap ugranda, adamlar gorka düşdüler. Ol ýüzlerçe, hatda müňlerçe kilometrlikdäki regionlara aralaşyberende, alymlar bu etraplar ýaşamaga howply bolaýmasyn diýip, radiasiýa derejesini yzygiderli ölçäp gezdiler.

Saglyk baradaky aladalar heniz hem aradan aýrylyp gidenok. Mysal üçin, Britaniýa Uelsiň käbir etraplarynda bakylýan goýunlaryň etini satmgy şindi-de çäklendirýär. Germaniýada hem ýurduň günorta böleklerindäki ýabany doňuzlaryň etini, olaryň iýýän kömeleklerini satmak gadagan.

Howpsuzlyk gorkusy oýanýar

Terk edilen Pripiat şäherindäki köne çagalar bagynda çaganyň maskasy we köwşi, Ukraina, 4-nji aprel 2011-nji ýyl.
Ýöne 1986-njy ýylda bolan Çernobyl hadysasy halkyň ýadro energiýasyna bolan ynamyny gowşatsa-da, bu energiýanyň ýatyrylmagyna getirmedi. Ondan soňraky ýyllarda täze gurulýan atom elektrostansiýalaryň sany öňkülerinden azalsa-da, dünýäniň elektrige bolan hajatynyň takmynan 16 prosentini üpjün eden ýene şol ýadro energiýasy bolup galdy.

2001-nji ýyla gelnende, Çernobyl ýatlamasy ýatyşyp, ýadro energiýasy üçin amatly ýagdaý döredi. Nebit-gazyň bahasynyň ýokarlanmagy, global ýylylyk baradaky ünji-iňkisler “ýadro renessansy” hakdaky gürrüňleriň artmagyna getirdi. Üstümizdäki ýyl Halkara atom energiýasy gullugy (HAEG) dünýäde ozal işläp duran 443 ýadro desgasyndan daşgary ýene 64 desganyň täze gurlup ýörenini habar berdi.

Bu öwrülişige Birleşen Ştatlar hem goşuldy. 2010-njy ýylda Waşington 1979-njy ýylda “Three Mile” adasynda bolan hadysadan bärde Birleşen Ştatlaryň ilkinji täze atom desgasynyň gurulmagyna kömek üçin 8 milliard dollardan agdak kredit bermegi wada etdi.

Ýöne indi Fukuşimada bolan hadysa ýadro energiýasy baradaky şübhäni doly güýjünde täzeden janlandyrdy. Ýakynda Tokioda geçen demonstrasiýada protestçi Maýoko Nakahara Ýaponiýadaky köp adamlaryň duýgusyny beýan etdi. Ol: “Ýaponiýanyň ýadro syýasaty meni birnäçe wagt bäri aladalandyryp gelýär. Biz bu mümkinçilikden şu wagt peýdalanmasak, ýadro garşy hereketiň bu güýje gaýtadan haçan ýetjekdigini kim bilýär. Şol sebäpden men bu ýere ‘biz ýadro energiýasyndan dynmaly’ diýmäge geldim” diýdi.

Barha artýan howpsuzlyk gorkusy köp ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň hem täze reaktorlar baradaky planlaryny doňduryp, olary täzeden gözden geçirmegine getirdi. Dünýäde iň güýçli antiatom hereketine eýe bolan Germaniýa bolsa ýurduň köne reaktorlarynyň ýedisini üç aýlap ýapmaly etdi.

Jemgyýetçilik pikiri

Çernobyldan galan ýatlamalar ýadro energiýasynyň geljegini ýene şübhe astyna düşürerlik güýje eýemi?
Ýöne Fukuşima hadysasy we Çernobyldan galan ýatlamalar ýadro energiýasynyň geljegini ýene şübhe astyna düşürerlik güýje eýemi?

Waşingtondaky “Parahatçylyk boýunça Karnegi merkeziniň” ýadro eksperti James Aktonyň pikiriçe, bu mesele ýurtlaryň öz ýagdaýyna bagly.

“Adamlaryň pikirlerine nirede ähmiýet berilýän bolsa, ortaça hasap bilen Fukuşimanyň şol ýerde ýadro energiýasyna oňaýsyz täsir etmegi ähtimal” diýip Alton belleýär. Jemgyýetçiligiň pikirine ähmiýet berilýän ýurtlar bolsa, reaktor sany köp ýurtlar: Birleşen Ştatlarda 104, Fransiýada 58, Ýaponiýada hem 54 atom desgasy bar.

Akton: “Hökümetiň ýöredýän syýasatynda jemgyýetçilik pikirine ähmiýet berilmeýän ýurtlarda ýadro energiýasy giňemegini dowam etdirer” diýýär. Bu ýurtlaryň biri Orsýet. Ol häzir 32 atom desgasy bilen dünýäde bu ugurda dördünji orunda durýar, özi-de atom energiýasyndan yza çekilerli görnenok. Moskwa ýadro tehnologiýasyna ýeke içki ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi däl, oňa möhüm eksport önümi hökmünde-de garaýar.

“Eksport barada aýdanyňda, muňa bir gowy zat diýip garalýar. Sebäbi Orsýetde nebit ýa şolar ýaly zatlaryň deregine köpräk ýokary tehnoligik önümleri eksort etmäge synanyşmak barada gürrüň edilýär” diýip, Stokgolmyň “Halkara parahatçylygy öwreniş institutynyň” ylmy işgäri Witaliý Fedçenko aýdýar.

Fukuşima hadysasyna seredeniňde, 25 ýyl mundan öň Çernobyl betbagtçylygy bilen bagly orta atylan soraglar häzirem jogapsyz ýatyr. Ýadro desgalaryny bir hadysa bolanda radiasiýa çykmaz ýaly edip gurup bolarmy? Ýa çykan radiasiýanyň öňüni alyp bolarmy?

Bu soraglar ýadro energiýasynyň ösmegi bilen ýene onlarça ýyllap dowam etjege meňzeýär.
XS
SM
MD
LG