Sepleriň elýeterliligi

Türkmen serhetçileri owganlaryň mallaryny aldy


Owganystanyň Garkyn etrabynyň ýaşaýjylarynyň sygyrlaryny türkmen serhetçileriniň äkidendikleri habar berilýär.

Etrap ýaşaýjylarynyň atýmagyna görä, owgan serhetçileri bu bolan wakany görüpdirler. Emma olar bolup geçýän zatlara böwet bolmandyrlar.

Garkan etrabynyň häkimi hem bu wakanyň bolandygyny tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, 6,000 töweregi sygyr alnyp gidilipdir.

Bu waka dogrusynda Owganystandaky türkmen wekilleriniň reaksiýasyny almak synanyşyklary şowsuz boldy.
XS
SM
MD
LG