Sepleriň elýeterliligi

Owgan hüjüminde daşary ýurtly esgerler heläk boldy


Şu gün Kabulda owgan pilotynyň ot açmagy netijesinde, halkara güýçleriniň hataryndan sekiz esgeriň we bir şertnamaly işgäriň ölendigini NATO habar berýär. Ölen esgerleriň milleti barada maglumat berilmedi.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, owgan piloty Kabulyň golaýyndaky harby aeroportda bolan dawadan soň, halkara güýçlerine garşy ot açyp başlapdyr.

Berilýän maglumata görä, hüjümçi garşylykly ok atyşykda öldürilipdir.

Bu hüjüme jogapkärçiligi “Taliban” öz üstüne aldy. Olaryň aýtmagyna görä, hüjümçi owgan harbysynyň lybasyny geýnen söweşiji eken.
XS
SM
MD
LG