Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Gonabadi derwüşleri protest geçirdiler


Şu hepde Eýranyň demirgazyk Beýdoht şäherinde Gonabadi derwüşleri özleriniň lideriniň suda çagyrylmagyna garşy protest geçirdiler.

“Nematollahi Gonabadi sünni musulmanlary jemgyýetiniň” wekili Mostafa Azmaýeşiň Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna aýtmagyna görä, ýurduň dürli künjeklerinden 5,000 töweregi derwüş Beýdoht şäherinde ýygnanypdyr.

Nematollahi Gonabadi derwüşleriniň lideri Nour Ali Tabandeh “Beýdohtyň Soltani guburhanasynda ölüleri jaýlamak bilen jemgyýetiň saglygyna howp salýandygy” sebäpli Tähranyň rewolýusion suduna çagyrylypdy.

Resmileriň aýtmagyna görä, derwüşleriň bu guburhanada ölüleri jaýlamaga haky ýok, sebäbi derwüşler jaýlanyşy gigiýena taýdan arassa amala aşyrmaýarlar.
XS
SM
MD
LG