Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Leon Panetta Robert Geýtsiň ornuna geçer


Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň direktory Leon Panettanyň ýurduň goranmak ministri wezipesine geçjekdigi habar berilýär.

Häzir goranmak ministri wezipesini Robert Geýts eýeleýär. Ol özüniň şu ýyl bu wezipeden gitjegini duýdurypdy.

Berilýän maglumata görä, Panettanyň ornuna Owganystandaky harby operasiýalara ýolbaşçylyk edýän Deýwid Petreus geçer.

Bu baradaky kararlaryň şu gün Ak Tamda yglan edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG