Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Siriýa garşy sanksiýa girizmek meselesine garar


Ýewropa Bileleşigi Siriýa garşy sanksiýalary girizmek meselesine anna güni geçiriljek ýörite maslahatynda sereder. Bu çäre Siriýanyň hökümetiniň ýurtdaky protestleri gazaply basyp ýatyrmagyna garşy ýola goýlar.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça Baş wekiliniň sözçüsi Maýkl Mann bu ýygnak barada şeýle diýdi: "Ähli mümkinçiliklere serediler. Näme ediljekdigi entek anyk belli däl. Dogry, biz eýýäm Siriýa režiminiň hereketlerini ýazgardyk. Biz elmydama-da adamlara garşy edilýän islendik gazaply hereketleri ýazgardyk. Şeýle-de biz demonstrantlary oka tutmak kabul ederliksiz diýen pikirde”.

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hem Siriýanyň protestçilere garşy edýän sütemi barada maslahat etmegine garaşylýar.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Orsýet bilen Hytaý Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýany ýazgarmagyna garşy çykypdyrlar.

Soňky alty hepdäniň dowamynda Siriýada 400 töweregi adamyň öldürilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG