Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik güýçlerine hüjüm ediljekdigi duýdurylýar


Çarşenbe güni dini ekstremistlere degişli diýlip hasaplanylýan we täjik dilinde maglumat ýaýradýan internet saýty Täjigistanyň hökümet güýçlerine garşy täze hüjümleriň amala aşyryljakdygyny duýduryp, beýanat ýaýratdy.

Bu maglumatda Täjigistanyň raýatlaryna ýurduň prezidenti Emomali Rahmona garşy baş götermeklige hem çagyryş edilýär.

Mundan ozal ady belli bolmadyk «Täjigistanyň mujahedleri» atly bu topar öz ýaýradan beýanatynda yslamçy söweşijileriň lideri Molla Abdullonyň şu üstümizdäki aýda öldürilendigine garamazdan, döwlet resmilerine we hökümet güýçlerine garşy öz hüjümlerini dowam etdirjekdiklerini nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG