Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz «Ar-namys» partiýasynyň koalisiýa goşulmagy mümkin


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň «Ar-namys» oppozision partiýasy ýurduň parlamentindäki dolandyryjy koalisiýa goşulmak üçin bu koalisiýa girýän partiýalar bilen gepleşik alyp barýandygyny mälim etdi.

Bu partiýanyň parlamentdäki fraksiýasynyň agzasy Tursunbaý Bakir ogly häzirki wagt dolandyryjy koalisiýa goşulmak meselesi boýunça bu «Ar-namys» partiýasynyň lideri Feliks Kulowyň ýurduň premýer-ministri Almazbek Atambaýew bilen gepleşik alyp barýandygyny aýtdy.

Mundan ozal Feliks Kulow şu ýylyň güýzünde Almazbek Atambaýewiň prezidentlige dalaş etmek üçin wezipesinden çekilen halatynda, özüniň premýer-ministriň wezipesine bellenmegini bu gepleşikleriň bir şerti edip goýupdy.
XS
SM
MD
LG