Sepleriň elýeterliligi

Howsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça beýanat çykarmady


Siriýanyň häkimiýetleriniň parahat protestçilere garşy gazaply güýç ulanmaklaryny ýazgaryjy beýannamanyň tekstini kabul etmekde düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary umumy bir ylalaşyga gelip bilmediler.

Bu baradaky maslahatyň şowsuz tamamlanmagyna beýannamanyň taslamasyna Orsýetiň, Hytaýyň we Liwanyň wekilleriniň garşy çykyş etmekleri sebäp boldy.

Soňky günler Siriýanyň dürli şäherlerinde gurnalan protest çykyşlaryny basyp ýatyrmak üçin ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde ýüzlerçe protestçi öldi.
XS
SM
MD
LG