Sepleriň elýeterliligi

Owgan harby piloty amerikan esgerlerini atdy


Çarşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda bir ýerli owgan harby pilotynyň atan okundan sekiz sany amerikan esgeri bilen bir amerikan işgäri öldi.

Düýn Pentagonyň metbugat sekretary polkownik Deýw Lapan bu wakada ölen dokuz adamyň hemmesiniň amerikan raýatydygyny tassyklady.

Maglumata görä, bu waka Kabulyň halkara aeroportunyň golaýyndaky bir harby-türgenleşik merkezinde ýüze çykypdyr.

Owganystanyň Goranmak ministrligi bu wakada amerikan harbylary bilen bir ýerli pilotyň arasynda ýüze çykan dawanyň netijesinde owgan pilotynyň olara garşy ok atyp başlandygyny aýdýar.

Ministrligiň maglumatyna görä, bu atyşykda owgan piloty hem atylyp öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG