Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Fatah-Hamas» koalisiýa planyna alada bildirilýär


Düýn Ysraýyl we onuň ýakyn soýuzdaşy Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň bilelikde koalision hökümet döretmek barada deslapky karara gelmeklerine alada bildirdi.

Ysraýyl we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň Gaza Sektorynda öz kontrollygyny saklap gelýän «Hamas» toparyny terror topary diýip häsiýetlendirýärler.

Hut şoňa görä-de, olar Palestinada «Hamas» toparynyň gatnaşmagynda islendik bir resmi hökümetiň döredilmegine garşy çykyş edip gelýärler.

Düýn prezident Mahmud Abbasyň «Fatah» partiýasy «Hamas» topary bilen geçiren gepleşiklerinden soň geljek bir ýylyň dowamynda Palestinada geçiriljek täze saýlawlardan öň «Fatah» bilen «Hamas» toparynyň agzalaryndan ybarat wagtlaýyn hökümeti döretmek barada ylalaşyga gelnendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG