Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Eýranda köpçülikde dardan asyş çaresi artýar


Çarşenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Eýranda ölüm jezasyna höküm edilenleri jemgyýetçilik ýerlerinde jezalandyryp öldürmek çäreleriniň has-da artandygyndan alada bildirip beýanat ýaýratdy.

Bu guramanyň resmisi Hassiba Hadj Sahraouýiň aýtmagyna görä, şu üstümizdäki ýylyň başky dört aýynda Eýranda 13 adam jemgyýetçilik ýerinde dardan asylyp öldürilipdir.

Munuň özi tutuş geçen ýylyň dowamynda şeýle jeza berlip öldürilen adamlaryň sanyna barabardyr.
XS
SM
MD
LG