Sepleriň elýeterliligi

Amerikadaky tornadolardan 160-a golaý adam öldi


Birleşen Ştatlaryň günorta sebitlerinde dörän tornadolar sebäpli, häzire çenli 160-a golaý adamyň ölendigi aýdylýar.

Resmileriň berýän maglumatyna laýyklykda, düýn Alabama ştatynda 128 töweregi adam ölüpdir. Mississippide bolsa 32 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Adam ýitgileriniň Tennessee ştatynda hem bardygy habar berilýär.

Amerikanyň ýedi ştatynda Adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
XS
SM
MD
LG