Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2010-da "Gazpromyň" girdeýjileri 24% artypdyr


Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” gaz kompaniýasy 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl öz girdeýjileriniň 24 % artyp, 35,2 milliard dollara deň bolandygyny aýdýar.

Dünýäniň iň uly gaz kompaniýalarynyň biri bolan “Gazpromyň” ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, geçen ýyl umumy satyşlar 20% artyp, 130,7 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Beýanatda “ozalky sowet soýuzusynyň düzümine girýän döwletlere satylýan gazyň mukdarynyň artdyrylmagy arkaly” ösüş gazanylandygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG