Sepleriň elýeterliligi

Esger ogluny ýitiren ata adalat isleýär


Uruş-gykylyk bolmasa-da, türkmen esgerleriniň arasynda, hususanda serhet ýakalarynda gulluk edýän esgrleriň içinde gümürtik ýagdaýda aradan çykýanlary hem bolýar.

Uruş-gykylyk bolmasa-da, türkmen esgerleriniň arasynda, hususanda serhet ýakalarynda gulluk edýän esgrleriň içinde gümürtik ýagdaýda aradan çykýanlary hem bolýar.

Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň goşunda gulluk edýän esgerleriň hal-ýagdaýynyň gowulanandygy, olaryň Saparmyrat Nyýazow döwründäki ýaly aç-hor däldigi aýdylýar. Ýöne, uruş-gykylyk bolmasa-da, türkmen esgerleriniň arasynda, hususan-da serhet ýakalarynda gulluk edýän esgrleriň içinde gümürtik ýagdaýda aradan çykýanlary hem bolýar.

Şeýle ýagdaýda, kanun boýunça, hemme taraplaýyn derňew geçirilmeli we ejir çeken tarapa kanagatlanarly jogap berilmeli. Emma wepat bolan esgeriň hossarlaryna başdansowma jogap berilýän halatlary-da bar. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan Azatlyk Radiosyna telefon eden Akmämmet Sapargeldiýew hem şeýle jogap agtarýan adamlaryň biri.

2009-njy ýylyň maýynda goşun gullugyna alnan Batyr Sapargeldiýewiň jesedi 2010-njy ýylyň 3-nji iýulynda Saragtyň serhet galasyndan öýlerine, Tagtabazara getirildi. Batyryň hossarlaryna onuň öz janyna kast edendigini aýtdylar.

Iki ok bedene

Tagtabazar etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginde ýaşaýan Akmämmämet Sapargeldiýew oglunyň göwresindäki ok yzlary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: «Bir ok döşden girip, ýanbaşdan, böwreginiň ýanyndan çykypdyr. Bir okam göni ýürekden girip, aşak geçipdir. Awtomatdan üç okuň atylanyny aýdýarlar. Olar onuň bir oky ýokaryk atanyny, iki oky bolsa özüne goýberenini aýdýarlar...»

Häkimiýetleriň aýdanlaryny şübheli gören ata ogluny jaýlanyndan 10-12 gün soň Saragta, Batyryň gulluk eden serhet galasyna gidip, wakanyň boldy diýlen ýerini öz gözi bilen görýär we «bu işde başga adamlaryň eli bar, meniň oglum özüni öldürmändir, ol öldürilipdir» diýen netijä gelýär.

«Oglumyň heläk bolan ýeri serhet galasyndan azyndan 5-6 km uzaklykda ýerleşýär... Şol ýerde esgerleriň dynç almagy üçin bir çatma gurlupdyr. Şol çatmanyň hem gapdalynda gözegçilik depesi diýilýän depe bar. Aýtmaklaryna görä, meniň oglum şol çatmanyň üstünde ýatypdyr...» diýip, ol Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Akmämmet Sapargeldiýew oglunyň iki bolup öldürilen bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýar. Ol ok atanyň, kimem bolsa, tüpeň atmaga ökde adam bolandygyny, sebäbi okuň göni ýürekden geçendigini, özem bu okuň ikinji ok bolandygyny, birinji ok atylandan soň gygyrmaga, kömege çagyrmaga synanan esgeriň sesini sem etmek üçin atylan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Akmämmet Sapargeldiýew oglunyň göwresinden geçen iki okuň arasynyň dört-bäş santimetr bardygyny aýdyp, beýle zadyň nähili bolup bilýändigini kompýuter esasynda delillendirip görkezmeklerini haýyş edipdir.

Kanuny soraglar

Emma ogluny ýitiren atanyň kanuny soraglary jogapsyz galýar. Ol Batyryň özüni öldürmegine hiç hili esas görmeýändigini, onuň gullugyň agyr düşýän ilkinji alty aýyny gowy geçirendigini, komandirleriniň hem aýdyşy ýaly, bir ýyllap birkemsiz gulluk edendigini, yzynda, halaşýan gyzy-beýlekisi bilen bagly hem hiç meseläniň ýokdugyny aýdýar.

Batyryň gulluk eden serhet galasynyň ýolbaşçylary hem, wepat bolan esgeriň gullukdaş ýoldaşlary hem Sapargeldiniň kanuny soraglaryna, öz sözleri bilen aýtsak, “gümmi-sümmi jogap berýärler”. Ol bir esgeriň özüne bir zatlar aýtjak ýaly hem bolandygyny, emma onuň gorkuzylan ýaly görenendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Adatça, şeýle ýagdaýda bolşy ýaly, Akmämmet Sapargeldiýew bu işiň berk derňelmegini sorap, Türkmenistanyň prezidentiniň edarasyna, Baş prokuratura şikaýat arzasyny ýazýar. Emma oňa ýene şol öňki gümürtik görnen jogaby berýärler.

Ol Azatlyk Radiosyna telefonda özüne berlen resmi jogaby okap berdi. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň birinji orunbasary Hallyýewiň beren jogabynda, kazyet-lukmançylyk seljermesiniň tassyknamasyna görä, Batyr Sapargeldiewiň özüne degişli ýarag bilen öz janyna kast edendigi gaýtalanyp aýdylýar.

Akmämmet Sapargeldiýew bu jogap bilen kanagatlanman Azatlyk Radiosyna telefon etdi. Ol, eger Azatlyk Radiosynda eşitdirilse, oglunyň ölümi bilen bagly soraglar has giňden äşgär bolar we bu işiň has çynlakaý derňelmegine getirer diýip, umyt edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG