Sepleriň elýeterliligi

Bahreýnde dört adam ölüm jezasyna höküm edildi


Şu gün Bahreýnde harby tribunal dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Bu adamlar geçen aý hökümete garşy protestlerde iki polisiýa işgärini öldürmekde aýyplandy.

Şonuň bilen baglylykda, başga-da üç adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Fewralyň ortalarynda Sünni monarhiýasy tarapyndan dolandyrylýan Bahreýinde oppozisiýadaky şaýy musulmanlar tarapyndan hökümete garşy protestler başlanypdy.

Demonstrasiýalar basylyp ýatyrylanda azyndan 20 adamyň, şol sanda 4 polisiýa işgäriniň öldürlendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG