Sepleriň elýeterliligi

Siriýa demonstrasiýalarynda 500 adam öldürilipdir


Soňky hepdeleriň dowamynda Siriýadaky demonstrasiýalar basylyp ýatyrlanda 500 töweregi adamyň öldürilendigini Siriýanyň adam hukuklaryny goraýjy guramalary habar berýärler.

Alty hepde mundan ozal prezident Başar al-Assadyň režmine garşy protestler başlanany bäri müňlerçe adamyň hem tussag edilendigi aýdylýar.

“Sawasiah” adam hukuklaryny goraýajy guramasynyň ýaýradan beýanatynda halkara jemgyýetçiligine “gan döküşikligi togtatmak üçin çäre görmäge” çagyryş edilýär.

Siriýanyň häkimiýetleriniň parahat protestçilere garşy gazaply güýç ulanmaklaryny ýazgarýan beýannamanyň tekstini kabul etmekde düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary umumy bir ylalaşyga gelip bilmediler.
XS
SM
MD
LG