Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ABŞ bilen gepleşiklere taýýar


Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jimmi Karteriň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýa öňünden hiç hili şert goýulmazdan, “islendik” meseleler boýunça Günorta Koreýa we ABŞ bilen gepleşikleri geçirmäge taýýar.

Karter we başga-da Ýewropanyň öňki baştutanlary, “ýaşulular” topary bolup,
Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky dartgynlygy aradan aýyrmak üçin, Demirgazyk Koreýada üç günlük saparda boldular.

Karteriň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-il olar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmandyr, ýöne olara habar ugradypdyr.
XS
SM
MD
LG