Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Lukaşenko bilen duşuşyk geçirdi


Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşyk geçirdi.

Geçirilen gepleşiklerden soň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige degişli birnäçe möhüm dokumentlere gol çekilendigi habar berilýär.

Lukaşenko duşuşykda prezident Berdimuhamedowa ýüzlenip: “Siziň prezidentlik möhletiňiziň iň bolmanda meniň prezidentligim tamamlanýança dowam etmegini islärdim. Maňa siziň bilen işleşmek ýakymly” diýdi. Bu barada Belarusyň “BelTA” habarlar gullugy maglumat berýär.

Berdimuhamedow “Türkmenistanyň we Belarusyň dünýä arenasynda birmeňzeş pozisiýalarynyň bolmagyna guwanýandygyny” aýdypdyr.

Belarusyň prezidenti paýtagt Aşgabada çarşenbe güni giçlik gelipdi. Bu Lukoşenkonyň geçen ýylyň dekabryndaky dawaly prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyndan soň amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparydyr.
XS
SM
MD
LG