Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko «Awaza» milli turistik zonasyna barýar


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabatda özara gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda dowam edip gelýän hyzmatdaşlyklary mundan beýläk has-da ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Düýn iki ýurduň hökümetara delegasiýalarynyň gatnaşmagynda-da giňeldilen maslahat geçirildi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen bolsa, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli birnäçe dokumentlere gol çekildi. Bu gol çekilen dokumentleriň hatarynda iki ýurduň Daşary işler we Maliýe ministrlikleriniň hyzmatdaşlyklaryna degişli täze ylalaşyklar-da bar.

Şu gün Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Aşgabatdaky käbir möhüm obýektlere sapar etmekden daşary, ýurduň günbataryndaky «Awaza» milli turistik zonasyna hem sapar edýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG