Sepleriň elýeterliligi

«Türki halklaryň medeni mirasy» konferensiýasy açyldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Türki halklaryň medeni mirasy» diýen at bilen halkara ylmy konferensiýasy açyldy.

Bu konferensiýa dünýäniň sekiz ýurdunyň, hususan-da, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýet Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň, Moldowanyň Gagauz regionynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň ylym hem-de medeniýet işgärleri gatnaşýarlar.

Konferensiýanyň delegatlary bu forumyň dowamynda türki halklaryň umumy ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni miraslaryny öwrenmek hem-de ony gorap saklamak meseleleri barada maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG