Sepleriň elýeterliligi

Ozalky gazak sudýalary tussag astyna alyndy


Penşenbe güni Gazagystanyň Ýokary sudunyň ozalky sudýalary Sauletbek Jakişew bilen Almas Taşenowa korrupsiýa bilen bagly bildirilýän aýyplamalar boýunça tussag astyna alyndy.

Bu sudýalaryň ikisem şu aýyň başynda Gazygystanyň Senatynyň karary bilen alty sany sudýanyň hatarynda wezipelerinden boşadylypdy.

Maliýe galplyklarynda bildirilýän aýyplamalaryň esasynda bu sudýalaryň wezipelerinden boşadylmaklarynyň yzy bilen, 15-nji aprelde Ýokary Suduň başlygy Musabek Alimbekow hem öz wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG