Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda deputatyň öýüne hüjüm edildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň parlament deputaty Marat Sultanowyň öýüniň ýanynda amala aşyrylan partlama bilen bagly wakany derňeýändiklerini mälim etdiler.

Deslapky maglumatlarda şu hepdäniň çarşenbe güni agşamlyk näbelli adamlaryň deputat Sultanowyň öýüni nyşana alyp, granat zyňandyklary aýdylýar. Wakada hiç kime zeper ýetmändir.

Bu wakadan birneme öň Gyrgyzystanyň habar serişdeleri Marat Sultanowyň şu ýylyň güýzünde prezidentlige dalaş etmekligi planlaşdyrýandygy barada maglumat ýaýradypdylar.
XS
SM
MD
LG