Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanda müňlerçe adam demonstrasiýa geçirdi


Penşenbe güni Ermenistanyň paýtgaty Ýerewanda oppozisiýa tarapdar 4 müň töweregi adam möhletinden öň parlament we prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine çagyryş edip demonstrasiýa geçirdi.

Munuň özi Ýerewanyň merkezinde soňky üç ýylyň dowamynda gurnalan iň uly protest demonstrasiýasydyr.

Ýurduň hökümeti 2008-nji ýylyň martynda polisiýanyň protestçiler bilen çaknyşmagynda 10 adamyň ölümine we 250-den gowrak adamyň ýaralanmagyna getiren wakadan soň, paýtagtyň merkezi meýdançasynda demonstrasiýalaryň gurnalmagyny gadagan edipdi.
XS
SM
MD
LG