Sepleriň elýeterliligi

Palestin ‘birlik’ ylalaşygyna Ysraýyl gaharly reaksiýa bildirdi


Palestinanyň «Fatah» partiýasynyň wekili Azzam al-Ahmed (sagda) «Hamas» toparynyň başlygynyň orunbasary Mussa Abu Marzuk bilen metbugat konferensiýasyndan soň, Müsür, 2011-nji ýylyň 27-nji apreli.

Palestinanyň «Fatah» partiýasynyň wekili Azzam al-Ahmed (sagda) «Hamas» toparynyň başlygynyň orunbasary Mussa Abu Marzuk bilen metbugat konferensiýasyndan soň, Müsür, 2011-nji ýylyň 27-nji apreli.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Palestinanyň garşydaş toparlary bolan «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň özara barlyşyga gelendikleri baradaky habara Ysraýyl gaharly reaksiýa bildirdi.

2007-nji ýylda geçirilen saýlawlardan soň Günbatar Kenarda öz kontrollygyny saklap gelýän «Fatah» partiýasy bilen Gaza Sektoryna kontrollyk edýän «Hamas» toparynyň gelen bu ylalaşygy olaryň wagtlaýyn koalision hökümet döretmeklerine ýol açýar.

Mälim bolşy ýaly, Ysraýyl we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň «Hamas» toparyny terror topary hökmünde häsiýetlendirip, bu topar bilen resmi gepleşik geçirmekden ýüz öwrüp gelýärler.

Düýn Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň Kairde gelen özara ylalaşygyna «çäkden çykmak» hökmünde baha berip, bu mesele bilen baglanyşykly Palestinanyň hökümetine garşy jeza çäreleriniň ulanylmagynyň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Awigdor Liberman Palestinanyň hökümetine garşy ulanyljak çäreleriň hatarynda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasa we onuň premýer-ministri Salam Faýýada erkin hereket etmäge mümkinçilik berýän ýeňillikleriň ýatyrylmagy ýaly çäreleriň hem bolup biljekdigini aýtdy.

Beýleki tarapdan, Palestinanyň dürli regionlaryna kontrollyk edip gelýän «Fatah» partiýasy bilen «Hamas» toparynyň bu soňky ylalaşygy bu iki toparyň indi bir ýarym ýyl bäri alyp baran kyn gepleşikleriniň özboluşly bir oňyn netijesi hökmünde alamatlandy.

Käbir meseleler aýdyň däl

Bu ylalaşyk Palestinanyň öz içinde dowam edip gelýän syýasy duşmançylygyň soňuna çykylmagyna özboluşly bir umyt berýär.

Emma bu wakanyň yzy bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu «Hamas» toparynyň gatnaşmagynda Palestinada nähilidir bir resmi hökümetiň döredilmek mümkçinçiligini bütinleý ret edýändigini aýdyp çykyş etdi.

«Palestinanyň hökümeti ýa-ha Ysraýyl bilen parahatçylygy, ýa-da ‘Hamas’ bilen parahatçylygy saýlamalydyr. Taraplaryň ikisi bilenem parahatçylykly gatnaşykda bolmak üçin ýol ýok. Sebäbi, ‘Hamas’ Ysraýyly ýok etmek ugrunda çalyşýar, ol muny açyk yglan edýär. Men Palestinanyň hökümeti parasatly karary, ýagny, Ysraýyl bilen parahatçylygy saýlar diýip umyt edýärin. Elbetde, bu olaryň öz erk-islegine bagly» diýip, Netenýahu belledi.

Kairde geçirilen gepleşiklere Palestinanyň bu iki toparyndan wekilçilik eden delegatlar öz gelen ylalaşyklarynyň esasynda şu geljek bir ýylyň içinde Palestinada parlament we prezidentlik saýlawlary geçirilýänçä, wagtlaýyn koalision hökümet döretmekligi göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdiler.

«Roýter» habar agentligi Gaza Sektoryndaky «Hamasyň» hökümetiniň metbugat sekretary Taher al-Nononyň «Hamas» bilen «Fatah» toparlarynyň öz aralaryndaky ähli düşünişmezlikleri we ylalaşmazlyklary ýeňip geçendiklerini aýdandygyny habar berýär.

Ýöne bu gepleşiklerden soň indi Gaza Sektoryndaky we Günbatar Kenardaky biri-birlerine duşmançylykly bolup gelen howpsuzlyk güýçlerine kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi ýaly käbir meseleler heniz hem aýdyň bolman galýar.
XS
SM
MD
LG