Sepleriň elýeterliligi

Durmuşyň waspçysy, buşlukçysy


Halyl Kulyýewiň mazary, Aşgabat.

Halyl Kulyýewiň mazary, Aşgabat.

Owalbaşda Halyl Kulyýew hakynda aýdylan, ýazylan zatlardan "toýdan topukça" jümleler.

Halyl Kulyýew
Annaberdi Agabaýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy:
"Geçen asyryň 60-70-nji ýyllary Halyl şahyryň zehininiň, çeper döredijiliginiň güller açan çagydy. Onuň yşka, mähir-muhabbete ýugrulan goşgulary özüniň dürdäneligi, mähremden mylaýym "demi", süňňüniň näzikligi, özboluşly çeper serenjamlylygy bilen okyjyny, diňleýjini özüne çekýärdi".

Gurbanburdy Geldiýew, şahyr, filologiýa ylymlarynyň doktory:
"Halyl Kulyýewiň poeziýasy juda gysga, emma uly mazmuny özünde jemleýän bu sözler, mämesindendir, "halyly üzüm" diýlen ýaly bolup gulaga eşidilýär. Bu duýgy şahyryň kämillige juda ir ýetişenliginden bolmagy mümkin".

Meniň şu essämi okanlar onuň sözbaşysynda şahyra "bahar buşlukçysy" diýmändigimi geň görseler gerek.

Hawa, edebiýatçylar-da, kärdeşleri-de, okyjylar-da ajaýyp şahyr Halyl Kulyýewi baharyň buşlukçysy, waspçysy hasaplaýarlar. Elbetde, şeýle atlandyrmak üçin ýeterlik esasam bar. Muňa, ilkinji nobatda, "Bahar buşlukçysy" goşgusy sebäp bolandyr diýsek delilsiz däldir. Onda şahyr sadadan şahyrana, mylaýymlyk, buýsanç we guwanç bilen:

"Bahar gelýär, bahar gelýär adamlar"

— diýip, özüne mahsus hoş owazda buşlaýar. Ol şahyryň:

"Açyň penjiräňiz, bakyň adamlar! Daň agarýar..."

— diýen buşlugy bilenem sazlaşyp durandyr.

"Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna,
Goý, ol bahar ýaly şadyýan bolsun"


— diýip, aýdyşy ýaly hem eden şahyryň bahar buşlukçysy kemi ýok. "Goja hem bahar" goşgusyn-a tutuşlygyna getiresiň gelip dur, çünki onda ýazyň adamlara gudratly täsiri janly taryplanýar.

"Gojalar heserläp, elemtas boldy,
Dat gününe on sekize ýetenleň!",
"Zemin ýaşadykça ýigdelýär bahar"...


Ýöne, meniň pikirimçe, Halyl Kula "Baharyň buşlukçysy" diýmek entek bärden gaýdýar. Ol durmuşyň buşlukçysydy, waspçysydy. Muňa:

"Öpdüm begres geýen ene topragy,
Ah, ýaşaýyş, gör, sen neneň ajaýyp!",


"Eý, sen ýaşlyk, her neneň söýsem-de seni,
Uzak ýaşap, goja bolmak höwesim",

"Keminden ýüz ýyllap ýoldaş bol maňa,
Eşretli, sapaly, juwanlyk çagym!"


- ýaly onlarça setirleri delil bolup biler.

Halyl Kulyýewiň poeziýasyny onuň dosty, kärdeşi, şahyryň "Güneş" kitabyny çapa taýýarlan, häzir filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Geldiýewden has göwnejaý seljeren başga bir edebiýatçy ýokmuka diýýän. Ol ady agzalan kitaba ýazan sözsoňy makalasynda Halyl şahyryň poeziýasynyň häsiýetli aýratynlyklary hökmünde:

a) mylaýymlylygy,mähirliligi;
b) tebigylygy;
ç) lirizmi, aýdyň pelsepäni belleýär.

Bu netijeler şahyryň döredijilik dünýäsine beletligiň, ýiti synçylygyň hasyly bolmak bilen, hakykata laýyk gelýär.

Eger olaryň üstüne bir zat goşmaly bolsa, mylakatly, käýarym şahyrana ýaňsyly ýumory-da tirkärdim.

"Şahyr Halyl atly ýary bar eken,
Şu gün şol gözeliň toýy – diýdiler",

"Eşeklije Durdy Gyljyň yzyndan,
Köpler "Wolga" münüp ýetip bilenok",

"Onsoň bu-da öwenmişin özüçe:
Ogrujady, ogrujady neresse..."


- kimin setirler muňa tassyk.

Şahyryň şygyrlaryna göwnüçökgünlik ýat. Şonuň üçin-de:

"Dünýäni dolduryp süreli ömür,
Dünýäni unudyp süreli döwran"


- diýip hyjuwly ýazýar.

"Dünýäň sallançagy enäň elinde",

"Geçmiş ýaly garrasaň-da,
Geljek ýaly ýaş görüngin",

"Ýöne ýagty dünýä dünýä-dä,
Ýüz ýaşa ýetseňem ölmek ýeňil däl",

"Her gezek-her sapar hüwdülenende,
Dünýäm bir mertebe ýigdelýär ýene."


- ýaly setirler kerweni onuň durmuşa bolan belent göýgüsiniň şahyrana teswiri.

Halyl Kulynyň goşgularynyň aglabasynda bahar, ýaz sözi, onuň keşbi mäkäm orun alandyr. Bu ahwalat awtoryň ýüreginiň näzikliginden, mähremliginden, ynsanperwerliginden, gözellige telwaslygyndan habar berýär. Ýene-de mysallara ýüzleneliň:

"Aýdyma gelenler, söze teşneler,
Pikir beriň; söz berilýär bahara",

"Hawa, şahyr, turan bolsaň daşa çyk,
Bu gün seniň bilen gepleşjek bahar.",
"Ony wasp etjekdim,
Ol bolsa eýýäm elimden alypdyr şahyrçylygy."

- diýen setirlere düşündirişiň,teswiriň zerurlygy ýok.

Şahyryň goşgularyny diňe gözleriň bilen däl-de, ýüregiň bilenem okamaly, şonda göräýmege guraksyrak setirlerden onuň çuň durmuşy pelsepesi aňyňy eýeleýär. Bu pikirime-de mysaly "Güneş" kitabynyň islendik sahypasyndan, el uran ýerimden tapjagymy aýtsam, gury öwündigim däldir.

"Öli bolup gitmez ýaly öleňde,
Diri bolup ýaşamaly dirikäň",

"Şondan beter aýylganç zat barmyka,
Dökülip gutarsa ene gözýaşy.",

"Gitdi" diýip, aglamaly bolsaň-da,
"Gelmedi" diýip aglamaly bolma sen.",

"Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir,
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.",

"Çaý bilen çöregmiz mydam bar bolsun,
Başgasynyň bir alajy tapylar.".


Halyl Kulyýewiň ýüzlenmedik temasy bardyr öýdemok, ýöne gep munda däl, gep onuň islendik zady şahyr ýüregi bilen özüçe görýänliginde, gozgaýanlygynda. "Çörek dükany" onuň ajaýyp goşgularynyň biri, onuň jemlemesiniň özi onlap, belki-de ýüzläp şygra degýär ahyryn:

"Haçan barsaň, ýapyk wagty ýok munuň,
Haçan görseň ýürek ýaly işläp dur".


ýa-da "Zähmet mugallymy" goşgusynyň:

"Şu—eziz, mukaddes toprakdan başga —
Başga neneň sapak bolsun, oglanlar!"


- diýen jemlemesi sada, şol bir wagtyň özünde-de şahyrana pikiriň nusgasy dälmi näme!

Şahyryň goşgulary älemgoşar öwüşginli, şonuň üçin-de olary okamakdan ýadamaýarsyň. Röwşen pikirler, duýgular goşgysaýy köňlüňe çaýylýar. Mysallar getirmekden ýene-de saklanyp bolanok, olary ýörite gözläbem otyrmaly däl:

"Güneşiň astynda, Aý yşygynda,
Gijeler, gündizler akar suw akýar.",

"Biziň ömrümiziň iň bir baý zady
Arzuwlarymyzdyr",

"Ýaşlyk bi çabgadyr, Ýaşlyk bir sildir..,
Ýaşlyk atyr saçýan benewşe güldür,
Görki-de gül,Durky-da gül-gülüstan."...


Halyl Kulyýewiň suratkeş şahyrdygyny-da goşgulary subut edýär.

"Dumanly daşlaryň garly depesi,
Gözýetimde asman bilen öpüşýär.",

"Asmanda aýlanyp akja bulutlar,
Ganat gerýär ýakymlyja şemala",

"Daň-säheriň düzüm-düzüm çyglary,
Merjen dek buldurap atanda öwşün...".


Rahmet Seýidowdan gaýdýan şahyrana suratkeşlik barada gürrüň agzalanda, mundan göni kyrk ýyl ozalky ýakymly ýatlama serime gelýär. Şol wagtky Nebitdag şäherinde mekdepde matematikadan ders berip ýörkäm, şäher telestudiýasyndan "Halyl Kulyýew geldi, edebi birleşme geçiriljek" diýip habar berdiler. Dört-bäş goşgymyň elýazmasyny alyp, studiýa bardym. "Deňizde" atly goşgymda:

"Gün tygyn dürtüp dur deňziň göwsüne,
Ylla ölçeýän dek onuň çuňlugyn."

— diýip deňziň peýzažyny çekýän setirler bardy. Şahyryň özem men ýaly matematika mugallymy bolupmy ýa boljak bolupmy, häzir ýadyma düşenok, ýöne ol ýoldaşlarymyň öňünde: "Aşyrguly, sende hiç kimiňkä meňzemeýän suratkeşlik bar. Sen rubaga güýmenip ýörme, şu ugry saýla" diýende depäm göge ýetipdi.

Soňra şahyr şu goşgymy "Ýaş kommunistde" çap etdirdi. Ýöne halypanyň ynamyny ödemedim. Üç ýyldan edebiýatçy Saýlaw Myradow bilen olaryň öýüne bardyk... Üçünji duşuşygym onuň "Güneş" kitaby arkaly gaýybana boldy.

Söýgi lirikasynyň şahyryň döredijiliginiň has özboluşly, rüstem ugrudygyny aýtmasak, bärden gaýdarys. Onuň galamyndan:

"...Ýok, garradyp bilmez ýyllar hem bizi,
Ýaşaýas ýar bilen ýyldan ogrynça",

"Diýdim:— Bar umydym inçelip barýa,
Gyz dişläp dilini:—Üzmerin – diýdi",

"Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.",

"Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar."

- ýaly biri-birinden owazly, biri-birinden muhabbetli, biri-birinden hyjuwly setirleriň sany-sajagy ýok.

Halyl Kulyýewiň ömür beýany barada köp zat aýdyp biljek däl, onuň Darganatanyň Şyharyk obasynda doglandygyny, ýaşap aramyzdan gidendigini, uniwersitetde biregne mugallymçylyk edendigini bilýän.

Çyn şahyryň ömrüniň goşgularyna geçýändigini Sergeý Ýesenin aýdyp gidipdir. Ýöne Halyl şahyr ömrüniň gussalaryny döredijiligine siňdirmändir. Dünýäni, durmuşy "Durmuş gösel, dünýä gözel’’ diýip joşgunly taryplapdyr, söýüpdir.

Halyl Kulyýew meniň ýüregime has ýakyn şahyr. Men oňa öz ýanymdan: "Bahar göwünli şahyr" diýýärin. Dünýä, durmuş, ömür onuň ýüregine bahar bolup giripdi, bahar bolubam goşgularyna siňipdi.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory.
XS
SM
MD
LG