Sepleriň elýeterliligi

Amerikadaky tornadolarda 300-e golaý adam öldi


Birleşen Ştatlaryň günorta sebitlerinde dörän tornadolar sebäpli, häzire çenli 300-e golaý adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu tornadolar soňky 40 ýylyň dowamynda Amerikada turan iň ýykgynçylykly harasatlar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Diňe Alabama ştatynynyň özünde ölenleriň sanynyň 200-e ýetendigi tassyklanyldy.

Tornadolaryň Amerikanyň Mississippi, Tennessee, Arkanzas, Jorgiýa we Wirjiniýa ştatlarynda hem dörändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG