Sepleriň elýeterliligi

Kaliforniýada ýaş gyzy ogurlan är-aýala aýyplama bildirildi


Kaliforniýada ýaş gyzy ogurlap, 18 ýyllap jynsy gulçulykda saklamakda bir är-aýala aýyplama bildirildi.

Fillipp Garridowa we onuň aýaly Nansa iýun aýynda höküm çykarylanda, ömürlik türme tussaglygyň berilmegine garaşylýar.

Bu är-aýal 1991-nji ýylda 11 ýaşlyja gyzjagaz Jeýsi Dugardy köçede tutup, öz öýleriniň arkasynda gizläp, 18 ýylyň dowamynda oňa jynsy zorluk görkezipdirler.

Bu ýyllaryň dowamynda Dugardyň iki çagasy hem doguldy.

Bu waka 2009-njy ýylda ýüze çykanda, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekipdi.
XS
SM
MD
LG