Sepleriň elýeterliligi

NATO Kaddafiniň güýçlerine howadan zarba urdy


Liwiýanyň demirgazygynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Zintan şäherine hüjüm edýän hökümetiň güýçlerine NATO-nyň howa hüjümlerini amala aşyrandygyny gozgalaňçylar habar berýärler.

Gozgalaňçylaryň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, harby uçarlar Muammar Kaddafiniň goşunlaryna garşy bäş raketany atypdyrlar.

Başga bir gowşan maglumata görä, hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylar Tunis bilen serhetdeş Dhubeiba şäherinde hem çaknyşypdyrlar.
XS
SM
MD
LG