Sepleriň elýeterliligi

«Raýdaş» sözi bir çak unudyldy


Möwlamow: "Raýdaşlyk ruhunda terbiýelenenleriň, raýdaşlygy bilýänleriň, raýdaşlyga düşünýänleriň köpüsi dünýeden ötdi, köpüsi garrylyk ýaşyna ýetdi".

Möwlamow: "Raýdaşlyk ruhunda terbiýelenenleriň, raýdaşlygy bilýänleriň, raýdaşlyga düşünýänleriň köpüsi dünýeden ötdi, köpüsi garrylyk ýaşyna ýetdi".

1-nji maý—Halkara raýdaşlyk günüdir!

Ýigrimi ýylyň içidir, türkmen okuwçysyna raýdaşlyk hakda hiç zat geçilmeýär, düşündirilmeýär, öwredilmeýär.

Dogrusyny aýtsak, häzirki zamanyň ýaşlary raýdaşlygyň nämedigini bilýändirem öýdemok. Hut Garaşsyzlyk bilen bile doglan bäbekler häzir ýurduň «men» diýen ýaşlary — ýagny, ýigrimi ýaşly juwanlar. Olar we olardan kiçiler raýdaşlyk hakda näme bilsinler! Olaryň doglan gününden bäri taryh, dünýä taryhy, dünýädäki wakalar hem olaryň öňe süren talaplary hakda mekdeplerde okadylmasa näme!

Raýdaşlyk ruhunda terbiýelenenleriň, raýdaşlygy bilýänleriň, raýdaşlyga düşünýänleriň köpüsi dünýeden ötdi, köpüsi garrylyk ýaşyna ýetdi. Indiki nesiller bolsa kime we näme üçin raýdaşlyk etmelisine-de düşünenoklar. Bu hakda okadylmany üçin olarda günä ýok.

Şeýle hem hökümetiň, profsoýuzyň, ýolbaşçylaryň özi halkyň öňüne düşüp, ezilýänlere, zalymlygyň garşysyna göreşýänlere raýdaşlyk sözüni aýtmak hakda çagyryş etmese, halkyň öňüne düşmese, orta ýaşly nesil hem kimdir birine raýdaşlygyny görkezmek hakda pikirem edip duranok.

Türkmenleriň kimdir birine raýdaşlyk etmäge ýa-da Raýdaşlyk gününi bellemäge elem ýetenok. Olar özleriniň gara güni bilen başagaý. Öýi ýykylsa, çagalaryna nädip tünek tapmaly, perzentlerini eklemek üçin her edip-hesip edip iş tapmaly, işden kowulman saklanmaly. Nädip çagalara bilim bermeli. Olaryň bar pikir-hyýaly şu. Häzirki günde türkmenleriň özüne raýdaşlyk gerek.

Geçen ýigrimi ýylyň içinde betbagtçylyklaryň kän bolanlygyndanmy-nämemi, türkmenler gaty gorkak hem bolupdyrlar. Öýi ýykylyp duran goňşusyna raýdaşlyk etmäge baryp bilenoklar. Gaýtam, gepe goşulsa, öz öýlerem ýykylar öýdüp, bukulyp oturýarlar. Işden kowulýan dostuň halyndan habar alyp bilenoklar. Ony ýolda görseler, sowlup geçýärler. Salamlaşdygy, özleriniň başyna-da şeýle gün düşer öýdüp gorkýarlar. Okuwdan nähak kowulýan talyplary talyplar goldap bilenok. Seslerini çykarsalar, özlerem okuwdan kowlar öýdüp gorkýarlar.

Başga ýurtlardaky ezilýänlere raýdaşlyk seslerini ýetirip bilmeseler-de, türkmenler Raýdaşlyk gününde öz ýurdundaky ezilýänlere raýdaşlyk etseler-de, hemaýata mätäçler örän kän. Işden kowulýanlara-da raýdaşlyk gerek, okuwdan kowulýanlara-da. Ellerindäki hünärlerini görkezmäge ýol berilmeýän kinoçylara-da raýdaşlyk goluny uzadyp bolar, ýazan kitaplary halka ýetirilmän duran ýazyjylara-da, öý edinip bilmän, kesekileriň öýünde kireýine ýaşap ýören ýaşlara-da, ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlara okuwa gidip, betbagtçylyga sataşýanlara-da.

Garaz, raýdaşlyk goluň bar bolsa, ony uzatmak üçin Türkmenistanda mätäç kän. Ýöne türkmenleriň köpüsi entek şeýdip bolýanyna-da düşünenoklar, şeýtmegiň gerekdigine-de düşünenoklar. Alaç ýok. Şeýle nesil ýetişdirildi.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG