Sepleriň elýeterliligi

Kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlar


Şu ýylyň ikinji çärýeginden başlap, ýurduň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, orunbasarlary üçin ýörite kompýuter sowatlylygy boýunça tölegli kurslar öz işine başlady.

Kompýuter sowatlylygy boýunça kurslar üç aý dowam edip, onuň ahyrynda okuw geçýän ýolbaşçylara ýörite sertifikatlar gowşurylar. Kurslar ýolbaşçylar üçin amatly şertlerde geçirilýär. Okuwlar sagat altydan soň başlap, ýolbaşçylaryň iş ýagdaýyna laýyklykda guralýar.

Ýurduň ýolbaşçy wezipesinde işleýänleriň kompýuterden sowatly bolmalydygy hakynda şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow aýdypdy.

Şol mejlisde prezident ýakyn geljekde ýurtda Hökümet elektron ulgamyny döretmeklik we bu ulgama geçmeklik göz öňünde tutulýandygyny mälim edipdi. Prezidentiň aýtmagyna görä, Hökümet elektron ulgamyna geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalar dolanyşygyny ep-esli derejede azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.

Prezidentiň şol mejlisde beren tabşyrygyna laýyklykda, kompýuteri özleşdirmek boýunça okuwlar tamamlanandan soň, olara gatnaşan ýolbaşçylar ýörite synagdan geçiriler. Eger ýolbaşçy synagdan geçip bilmese, onda ol başga işe geçiriler.

Kompýuter sowatlylygy boýunça kurslara gatnaýanlaryň aglabasy kompýuterden asla baş çykaryp bilmeýärler. Ýöne olaryň arasynda bu ugurdan sowatlylary hem bar, emma kursy tamamlandygy baradaky degişli sertifikatyň bolmagynyň wajyplygy sebäpli, olar hem okuwa mejbury ýazylmaly bolýarlar.

Kompýuter sapaklarynda ýolbaşçylara, esasan, “Microsoft office” programmalary öwredilýär. Kursuň soňky aýynda internet boýunça sapaklaryň hem geçiljekdigi barada aýdylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG