Sepleriň elýeterliligi

«Sözleriň iň gowusy zalym şalaryň ýüzüne aýdylýan hakykatdyr!»
(Muhammet pygamberiň hadyslaryndan).

Sada halk, aýratyn-da durmuşyň çuň manysyna heniz doly göz ýetirmegi başarmaýan ýaşlar ýurduň içindäki resmi radio-telewideniýede, gazet-žurnallarda näme ýazylsa, şoňa ynanýar. Sebäbi resmi radio-telewideniýäniň, gazet-žurnallaryň sözi — hökümetiň sözi bolup durýar. Resmi radio-telewideniýäniň, gazet-žurnallaryň dili — hökümetiň dili bolup durýar.

Sada halk hökümet mydama hakykaty aýdýandyr öýdüp düşünýär. Hökümet hiç wagt ýalan sözleýän däldir öýdýär. Näme üçin sada halkda şeýle düşünje bolýar? Sebäbi sada halk syýasatyň nämedigine düşünenok. Halka syýasatyň hakykatda nämedigi barada düşünje berlenok. Syýasat bolsa — her bir hökümetiň ýurdy dolandyryş ýoly. Hiç bir hökümet öz-özüni, öz ýoluny ýamanlamaýar. Aýratyn-da bir adam tarapyndan dolandyrylýan hökümet özüni tankytlamaga ýol bermeýär.

Geliň, biz öňki Sowet Soýuzynyň ýaşan ýyllaryny hem-de Garaşsyz Türkmenistany Nyýazowyň dolandyran ýyllaryny mysal alyp göreliň:

«Sowet halky dünýäniň iň bagtly ýaşaýan halky» diýlip, sowet mekdeplerinde okadylýardy. Ýöne, häzirki ýaşlaryň köpüsiniň bilmeýän bolmagy hem mümkin, sowet hökümeti özüniň dörän gününden bäri «halk duşmanlary» diýip, günäsiz adamlary, sowatly adamlary birsyhly atdyryp, türmelere basdyryp geldi. 1937-1938-nji ýyllarda türmä ugradylmadyk, atylmadyk maşgala galmady diýerlik.

Taryha ser salsak…

Ýöne şeýle-de bolsa, bu işi etdirýän Stalin — Sowet Soýuzynyň ýolbaşçysy diňe öwülýärdi. Ol halka bagt paýlaýan adam hökmünde gazet-žurnallarda, radio-telewideniýede wasp edilýärdi. Hakykatda bolsa Stalin halkyň duşmanydy, halky gyrgyna berýän, halky ýurdundan kowdurýan, halky türmä basdyrýan adamdy. Bu hakykaty sada halka kim düşündirmelidi, kim ýetirmelidi? Ýurduň gazet-žurnallarynda, radio-telewideniýesinde hakykaty aýtmak gadagandy. Gazete ýazmak beýlede dursun, Stalin hakda dilden ýekeje ýaramaz sözi diýeni hem göni atýardylar.

Hakykaty halka ýetirýän, dogry sözi aýdyp, halkyň gözüni, aňyny açýan adamlar — hakykatçy žurnalistler, ýazyjylar, alymlar, syýasatçylar, taryhçylar... Garaz, olar köp. Dünýe şeýle hakykatçylaryň barlygy üçin gowulyga tarap barýar.

Hakykaty halka ýetirmäge öz ýurdunda mümkinçilik tapmadyk hakykatçylar zalym diktatorlaryň eden-etdiliklerini aýtmak üçin alaçsyz ýagdaýda başga ýurtlardan tribuna gözleýärler. Her ýurduň özi hakykaty aýtjaklara öz gazet-žurnalyndan, radio-telewideniýesinden orun berse, hiç kim aýtjak sözüni ýurtdan daşary çykaryp ýörmezdi.

Emma, gynansagam, diktaturanyň höküm sürýän ýurtlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hiç biri hakykaty aýtmaga ýol bermeýär. Demokratik ýola düşen ýurtlar bolsa, hakykaty aýtmak üçin hemmelere öz tribunalaryny gysganmaýarlar.

Geliň, indi pikir edeliň, özüniň Sibirdäki konslagerlerinde millionlarça adamy çüýreden hem atan Stalin Watan dönügi, halk duşmanymy ýa-da Staliniň hökümetiniň bigünä halky atýanlygy, türmelere basýanlygy, daşary ýurtlara kowýanlygy hakdaky hakykaty daşary ýurt radiolaryna, gazet-žurnallaryna ýazyp, halka ýetiren adamlar Watan dönügimi?

Sowet Soýuzynyň gazetleri hakykaty aýdýan adamlary Watan dönügi hökmünde ýamanlap ýazýardylar.

Dogrusyny aýtsak, demokratiýany ýaýbaňlandyrýan daşary ýurt radiolarynda hakykaty birsyhly aýtmak bilen, Sowet Soýuzy ýykylyp, onuň düzümine zorluk bilen salnan respublikalar azat boldular, garaşsyz boldular.

Garaşsyzyk döwri

Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem hut Staliniň ýoly ýaly ýol bilen ýurdy dolandyryp başlady. Nähak ýurtdan çykarylanlar, basylanlar onuň döwründe-de az bolmady. Nyýazow halkyň öýüni ýykdyryp, öý bermedi. Kitap-kino çykarmagy gadagan etdi. Şahyrlara öz adyndan goşgy ýazdyrdy…

Nyýazow ýaşlary işsiz, okuwsyz goýdy. Şeýle-de bolsa, ýurduň gazet-žurnallary, radio-telewideniýesi bu zatlary halka ýetirip bilmeýärdi. Nyýazowy diňe öwdüler. Ony iň gowy adam hökmünde tarypladylar. Emma hakykaty welin halka ýetirmek gerekdi. Hakykaty aýtmaga ýurduň içinde rugsat berilmänsoň, hakykatçy žurnalistler, alymlar, ýazyjylar, syýasatçylar Nyýazowyň eden-etdilikleri baradaky hakykaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka ýetirdiler.

Nyýazowçy hökümet hakykatçy žurnalistleri, ýazyjylary, alymdyr syýasatçylary öz metbugatynda «Watan dönükleri» diýip, ýamanlap ýazdyrdy. Ýöne Watan dönüginiň hakykaty aýdýanlarmy ýa-da halkyň öýüni ýykýan, halkyň ogul-gyzyny işsiz, okuwsyz goýýan kişimi, muny akylly adamlar bilýärler.

Hakykaty aýdýanlar öz dogry sözlerini daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden aýtsa-da, öz ýurtlarynda aýtsa-da, halka peýdaly iş edýärler.

Nyýazowyň döwründe hökümetiň ýolbaşçy işlerinde işläp, ýurdy talan adamlaryň ençemesiniň üsti açylyp, olaryň daşary ýurt banklarynda kän pul goýandyklary anyk boldy. Olara, elbetde, jeza çäresi bellendi. Şeýle ýagdaýlaryň her ýyl hem üstünden baryp bolar. Ýöne ol zatlary hakykatçy žurnalistler ile aýan edäýmese, hökümet işgärleriniň özleri gizlin saklaýarlar. Eýsem-de bolsa, ýurdy talaýanlaryň ile aýan edileni gowumy ýa-da ilden gizlin saklanany? Bu ýerde ýurdy talaýan Watan dönügimi ýa-da onuň üstüni açýan žurnalistler? Goý, bu sowala ýaşlaryň özi jogap bersin!

Bu zatlar hakda dogry netije çykarmagy başarmak gerek. Watan dönüginiň hakykatda kimdigine göz ýetirmegi başarýanlar halkyna-da haýyr edip bilerler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG