Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýar onda galdy”


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat
-- Ýeri-ow, pälwan, bir işler bitirip geldiňmi ýa iki barmagyňy burnuňa sokup gaýdyberdiňmi?

-- Bolmady, kaka.

-- Göle boşanan ýaly güpürdikläp gidişiňdenem-ä aňýadym pisiňi aşyryp yzyňa boş dolanjagyňy... Galyň tölemän öýlenjek ýigide bak-a! Gyz alyp gaçjak ýigide bak-a! Hawa, näme boldy?

-- Bolan zat ýok, kaka. Diňe bolmady.

-- Gelmeli ýerine gelmedimi? Tapmadyňmy? Ýa biri öňürdipmi?

-- Tapdymam, geldem. Alybam gaýtdym, ýöne, bolmady-da, kaka.

-- «Bolmady-bolmadyny» azrak et-de, bolan zady aýt maňa!

-- Paýtagtdan-a sag-aman alyp çykdym, Tejene getiribem... ýitirdim.

-- Iňňe däl, açar däl, gapjyk däl – diri adamy nädip ýitirip ýörsüň?

-- Özümem haýran, kaka. «Şu ýerde dur, awtobusyň haçan ugraýanyny görüp geleýin» diýdim. Öwrülip gelsem -- ýok! Bukuldymy, gaçyp gitdimi, bilmän galdym.

-- «Getirebilmedim, ýar onda galdy» diýilýäni bolupdyr-da, garaz. Aslynda sen ony nirden tanap ýörsün. Nirden çykdy ol seň gara maňlaýyňdan?

-- Aşgabatda tanyşdyk. Ikimizem ekzamenden geçip bilmän ýykyldyk. Şo ýerde-de wadalaşdyk. Wadanyn soňam, ynha, şeýle gutardy...

-- Hudaýa şükür, bolsa-da, ogul öýerýäs, toý tutýas diýip oba jar etmedik...

-- Indi näme ederis, kaka?

-- Nätmeden Hudaý saklasyn! Gedaýyň ýedi gapydan soň ýüzi açylarmyş diýipdirler, ýene alty gapyň bar, aýlanyber, oglum. Özüňden kiçem dört iniň bardyr, ogul. Menden-ä haraý gözleme, bäşiniňizden biriňizi öýerip bilsemem razy.

Şiraly Nurmyrat Stokgolmda ýaşaýan türkmen şahyry, ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG