Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Baýryýew: “Towşan Esenowanyň ruhuny ynjytmagy bes etmeli!”


Sowet döwrüniň ilkinji türkmen şahyr zenany Towşan Esenowanyň mazary, Aşgabat.
Sowet döwrüniň ilkinji türkmen şahyr zenany Towşan Esenowanyň mazary, Aşgabat.
Aşgabatly žurnalist, şahyr Aşyrguly Baýryýew sowet döwrüniň ilkinji şahyr zenany Towşan Esenowa babatda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýol berlen adalatsyzlygyň häzirki güne çenli aradan aýrylman, onuň ruhunyň ynjydylyp gelinýängini gynanmak bilen aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş bolup, oňa bu mesele barada birnäçe sowal berdi.

Azatlyk Radiosy: Towşan Esenowanyň ruhunyň häkimiýetler tarapyndan ynjydylyp gelýändigini aýdýarsyňyz. Muny nämä esaslanyp diýýärsiňiz?

Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew:
Ozalbaşda Towşan Esenowanyň drama žanrynda eser döreden ýeke-täk türkmen zenanydygyny, oňa Türkmenistanyň halk şahyry diýen hormatly adyň baryp 1939-njy ýylda dakylandygyny, türkmen sowet poeziýasynda hem ilkinjidigini, aýal-gyzlaryň arasynda uly syýasy-jemgyýetçilik işini alyp barandygyny aýtmak isleýärin. Onuň il arasynda sylag-hormaty uludy. Aradan çykan badyna Towşan bajynyň öýi hökümetiň karary bilen muzeýe öwrüldi. Ýöne Nyýazowyň metbugat sekretarynyň oňa täsir etmegi bilen geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda bu öý-muzeý ýapylyp, jaý zähmet biržasyna berildi. Towşan Esenowa gyýa göz bilen garalyp başlanmagyna onuň “Literaturnaýa gazetada” çap edilen “Ýigrenji galyň” atly makala gol goýmagy bahana boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýsem bu makala mynasybetli şahyra nähili günä ýüklenildi. Anygrak aýdaýsaňyz?

Aşyrguly Baýryýew: Kakasynyň gyzyny gaýtarma edip saklandygy üçin, şol makala gazetde çap edilenden soň iş kesilendigi zerarly kalbynda kitüw saklap ýören metbugat sekretarynyň gep bermegi bilen Nyýazow Towşan Esenowany türkmenleri dünýä ýüzüne masgara etmekde aýyplady. Şondan soňra onuň eserlerine, umuman adyna gadaganlyk girizildi, türkmen edebiýatyndan adyny öçürmäge synanyşyk edildi.

Azatlyk Radiosy: Ýazyjynyň adyndan berlen şol makala, dogrudanam, halkyň degnasyna degmedimi näme?

Aşyrguly Baýryýew: Ata-babalarymyzyň “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýen pähimi bar. Şoňa eýerilse, ýurdumyzyň içinde galyň ýaly nogsanlyga, hökümetiň, has dogrusy, partiýanyň, jemgyýetçiligiň baş galdyrmaýan wagtynda merkezi gazetde makalanyň berilmegi ýazgarylmaly dälmikä diýýän. Galyň möçberiniň şol döwürlerde aýylganç derejelere baryp ýetendigini il bilýär. Şonuň üçin-de, makala ýolbaşçylaryň degnasyna degen bolmagy ähtimal. Ýönekeý, eli ýuka adamlaryň bolsa minnetdar bolandyklaryna özümiz janly şaýat. Her niçik bolanlygynda-da, merhuma temmi bermek adamkärçilikden nyşan däl.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siz onuň adynyň unudylmaga höküm edilmegini adalatsyzlyk hasaplaýarsyňyz-da? Towşan Esenowanyň ýagşy adyny dikeltmek üçin näme etmeli?

Aşyrguly Baýryýew:
Nyýazowyň Berdi Kerbabaýewe, Gara Seýitliýewe, beýlekilere igesini sürtüp ugranyndan habarlysyňyz. Häzir olar şertliräk aýtsak, aklanyldy. Öz gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy saýýan halkymyzyň olary aňsat-aňsat ynjytmaýandygyny hemmeler bilýär. Edebiýatymyzyň, jemgyýetimiziň ösmegine öz goşandyny goşan Towşan Esenowanyň adyndan tabu tagmasyny aýryp, onuň ruhunyň ynjydylmagyny bes etmeli. Şonda adamkärçilikli, adalatly bolar.
XS
SM
MD
LG