Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ok degen "Görogly" nirede?


Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Maňa Mäti Kösäýewden gönüden-göni sapak almak miýesser etmedi. Ýöne onuň edebi makalalarynyň, ylmy işleriniň öz dilinden almadyk sapaklarymyň öwezini belli bir derejede tutandygyny aýdasym gelýär. Professoryň 1972-nji ýylda "Türkmenistan" neşirýatynda çap edilen "Edebiýat barada söhbet" kitabynda ýerleşdirilen halk eserleri dogrudaky, türkmen klassyky edediýaty hakdaky, doganlyk halklaryň edebiýatynyň wekilleri hakyndaky we umumy häsiýetli makalalaryny özleşdiren adamyň edebi düşünjesiniň giňeljekdigine şübhäm ýok.

Mäti aganyň şu kitabyndaky "Görogly" eposyndaky bir maglumat edebiýatçy däl-de, eýsem žurnalist hökmünde meniň ünsümi okan badyma özüne çekipdi. Ine, şol jümle: "Häzir şu setirleriň awtorynyň şahsy kitaphanasynda Watançylyk urşy ýyllarynda köp söweşleriň şaýady bolan "Görogly" kitaby saklanýar. Ol kitap Gyzyletrek sebitlerinden bolan Gulnazar diýen türkmen soldatynyň söweş ýoldaşy bolupdyr. Kitabyň gyralarynda Gulnazaryň eli bilen ýazylan köp bellikler bar."

Etrek biziň ata-babalarymyzyň gadymy mesgeni. Mäti Kösäýewiň şu maglumatyny okap, Gulnazary şu sebitden gözläp ugradym. Ýöne gynansam-da, gördüm-bildim diýene duş gelmedim. Munuňam özüne ýetesi sebäbi bar eken. Men ony birnäçe ýyldan soň bilip galdym. Mäti aganyň şol ýazgysynda säwlik gidipdir, Gulnazaryň asly, Etrek töwereklerinden däl-de, şol wagtky Krasnowodsk raýonyndan, etrabyndan ekeni. Olaryň maşgalasy şu etrabyň Akguýy obasynda oturypdyr.

Men ok degen "Görogly" kitabynyň eýesiniň agasyny-da, inisini-de gowy tanaýardym. Ýöne onuň familiýasy görkezilmänsoň, olaryň doganydygyny aňmandyryn. Hawa, Gulnazaryň agasy Berdinazar Penaýew aktiw işçi habarçy bolmak bilen, ýerli metbugat, has hem Nebitdagyň şäher telestudiýasy bilen ýygy aragatnaşyk saklaýardy. Inisi Annamyrat Penaýew bolsa men şu ýerde öwrenje diktorkam studiýanyň çagalar we ýaşlar redaksiýasynyň redaktorydy.

Ýöne men Gulnazaryň familiýasynyň Penaýewdigini-de, onuň Akguýudandygyny-da, meniň tanyşlarymyň doganydygyny-da 80-njy ýyllaryň ahyrynda tötänden bilip galdym. Bir saý-sebäp bilen frontda bolan "Görogly" barada söz açanymda, Annamyrat aga, halypamyz: "Gulnazar meniň agam ahyryn" diýip seslendi.

Soňra men Gulnazar Penaýew, onuň uruşda ýanynda göteren kitaby hakynda oçerk ýazdym. Oçerkim "Edebiýat we sungat" hepdeliginiň 1990-njy ýylyň 13-nji aprelindäki sanynda "Görogly — söweş ýoldaşy" diýen at bilen çap edildi.

Eýsem "Gulnazaryň kitaby Mäti Kösäýewe nädip düşdükä?" diýen sowala oçerkimde jogap beripdim. Söweşdeş ýoldaşlary kitaby Gulnazaryň ýanyndan çykan salga iberipdirler. Şol adresem onuň Şagadamda ýaşaýan daýzasynyňky eken. Daýzasy bolsa kitaby öz garyndaşy, Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Mämmedaman Yslama gowşurýar. Galapyn söweşleriň şaýady bolan "Görogly" kitaby Hojaberdi Hanowa düşýär. Hojaberdi aga bolsa bu özboluşly ýadygärligi öz kärdeşi Mäti Kösäýewe beren bolmaly.

Söweşdeş ýoldaşlarynyň Gulnazaryň gahrymanlarça söweşip, gurban bolandygy barada kitabyň ahyrky sahypasynda ýazan ýazgysyny hem alym öz makalasynda getirýär. Onuň ölümi hakyndaky habar Göröglynyň ölümi baradaky sahypa ýazylýar. Ýöne ol söweşlerde görelde almaga çalşan gahrymanyndan tas alty essä golaý az ýaşapdy.

Alymlar Allaberdi Oraztaganowyň, Oraz Ýazymowyň öz wagtynda şaýatlyk etmeklerine görä, ok degen "Görögly" kitaby Mäti Kösäewde uzak wagtlap saklanypdyr. Mäti aganyň şol kitaby uniwersitetiň Magtymguly muzeýine tabşyrmak niýeti bar eken. Şundan soňra, gynansak-da, kitabyň yzy ýitýär, soňky ykbaly belli däl.

"Diýar" žurnalynda "Ok degen Görogly nirede?" diýen materialym çap edilenden soňra, ýazyjy-şahyr Ýagmyr Pirgulyýew şol kitabyň ýazgyly iki sahypasynyň fotosuratyny getirdi. Biz onuň düşüren şol suratyny žurnalda çap etdik. Emma şondan soňam bu kitapdan gördüm-bildim bolmady. Gulnazaryň inisiniň gözlegi-de netijesiz tamamlandy.

Ýeri gelende aýtsam, Mäti aganyň makalasynda "Sowet edebiýaty" žurnalynyň 1944-nji ýyldaky sanlarynyň birindäki ýazgy esasynda, uly leýtenant Gafurowyň gurban bolan türkmen esgeriniň jesediniň kemerine gysdyrylan, içinden ok geçen "Görogly" kitabyny görkezendigi ýatlanylýar. Şol kitap, Mäti aganyň eşidişine görä, Moskwadaky harby mezeýde saklanýan bolmaly.

Indi her näçe gynansak-da, ok degen "Görgly" kitaplarynyň ikisi-de bu eposyň iň kämil nusgasyny dünýä beren halklymyza elýeterli däl. Bu dessanyyň tarypyny ýetirmekde Mäti Kösäýewiň uly hyzmatynyň bardygyny nygtamak bilen, sözümi jemlemek isleýärin.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG