Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti bilen söhbet: Seýitmyrat Öwezbaýew kim bolupdyr?


Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow özüniň iş otagynda.
Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow özüniň iş otagynda.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanow ýerli graždan aktiwisti, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow bilen taryhyň görnükli şahsyýetleri, hususanda Seýitmyrat Öwezbaýewiň ömri barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyny uly baýram etmäge taýýarlanýar. Türkmenistan öz-özünden garaşsyz bolmady diýen pikirler hem öňe sürülýär. Ol SSSR-iň düzüminden çykdy. Ol SSSR-iň düzüminde özýygtyýarly respublikady. Hut şol formal özygtyýarly Respublika statusy hem Türkmenistana garaşsyzlyk berdi diýen düşünje syýasatçylaryň arasynda giňden ýaýarn. Şol formal özygtyýarlyk statusy bolmadyk respublikalar, meselem, Tatarystan, Başgyrdystan ýa-da Garagalpagystan garaşsyzlyk alyp bilmediler. Häzirki Garaşsyzlyk baýramçylygynda ýurdy respublika, döwlet eden şahslary ýatlamak zerurmyka diýýän?

N. Nurmämmedow: Hawa, hakykatdanam, 1991-nji ýylda Türkmenistany garaşsyz döwlet eden zat, Türkmenistanyň soýuzyň düzüminde özbaşdak respublika bolandygy. Eger-de, şol döwürde Türkmenistanyň garaşsyzlygy S. Nyýazow bagly bolandygynda, Türkmenistan garaşsyzlygyny alyp bilmezdi. Ol şeýle meseläni Moskwanyň öňünde goýup hem biljek däldi. Türkmenistany 1924-nji ýylda döwlet hökmünde döreden adamlary ýatlamaklyk häzir örän wajyp. Ol taryhy adalaty galdyrmagyň bir görnüşi.

Azatlyk Radiosy: Indi olardan birnäçesiniň atlary bize belli. Meselem, Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Çary Wellekow we başgalar. Ýöne, beýleki resmi däl adamlaram bolmaly.

N. Nurmämmedow: Meselem, olardan Seýitmyrat Öwezbaýew bar.

Azatlyk Radiosy: Eger-de, biz diňe Seýitmyrat Öwezbaýewiň üstünde dursak, ol kim bolupdyr?

N. Nurmämmedow: Seýitmyrat Öwezbaý öz döwrüniň sowatly adamsy bolupdyr. Ol Nurberdi hanyň maslahatçysy, Gökdepe urşyna gatnaşan kakasynyň terbiýesini alan. Orenburgyň kadetler korpusyny, Ýelizawetgrad şäheriniň harby uçilişesini gutaran söweşjeň ofiser.

Seýitmyrat Öwezbaý özüniň sowady, dünýägaraýşy hem prinsipiallygy bilen egindeşlerinden tapawutlanypdyr. Ol ýaranjaňlyk hem çemeçillik etmändir. Dogrusyny aýtmakdan çekinmändir. Meselem, onuň Magtymguly hany döwlet işine çekmek üçin onuň ýanyna baranda, Magtymguly hanyň: “Sen aýt, o tüki türkmen komissiýa diýeniň aýdaly bolaýdygam-da. Ýeri onsoň, meniň şu wagt küşt mallaryny diýen ugruma sürüp oturşym ýaly, häkimiýet işlerinde hem islän ejazam ýörärmikän?” diýen soragyna: “Bilmedim-dä. Oýunçy bolup oýnajakdygyň hakdyr, han aga. Ýöne, eliňden tutup göçürdäýmeseler” diýen jogap beripdir.

Ýene bir mysal, Gaýgysyz Atabaýewiň ýurtda alnyp barylýan işler baradaky soragyna: “Gaýgysyz, gardaş, är işini bitirdiň. Külli türkmeniň başyny jemlediň, bir supradan tagam berdiň. Asyrlar boýy ýüreginde beslän arzuwyna ýetirdiň. Ýöne şu idýämkäm diýip ýören bedewiň jylawy hem öz eliňde bolaýsady” diýip jogap bermegi, onuň dogruçyllygyndan, ýüz görmän hakykaty aýtmakdan çekinmeýändiginden habar berýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Seýitmyrat Öwezbaýewi halk tanaýarmydy? Onuň ady halk içinde ýaşap geldimi?

N. Nurmämmedow: Seýitmyrat Öwezbaýy şol döwürde-de halk tanapdyr. Häzirem tanaýar. Ilki bilen-ä, Seýitmyrat Öwezbaýewiň ýazan eserlerinden “Amangeldi Gönübek” diýen hekaýasy häzirem Gökdepe urşuna bagly bolan eserleriň iň gyzyklysy hökmünde halkyň içinde okalyp ýörlen eser. Onsoňam, halkyň arasynda rowaýata öwrilen bir gürrüň bar. Şol gürrüňe görä, Gaýgysyz Atabaýew dagy bir oba barypdyrlar. Olary garşylanlaryň kethudasy: “Gaýgysyz, seniň özüň-ä hiç neneň däl welin, ýoldaşyň çepiksiz eken-le” diýende, Gaýgysyz: “Adamlar, bu adama Seýitmyrat Öwezbaý diýerler. Onuň 50 kilelik agramynyň 49-sy akyldyr” diýipdir. Bu bir rowaýata öwrülen gürrüň. Ol hakykatdan bolupmy, bolmanmy ol bir hökmany fakt däl. Emma şol gürrüň halkyň içinde ýörgünli. Diýmek, Seýitmyrat Öwezbaýy halk ýeke bir tanamak bilenem oňman, ony sylaýar, ony gowy görýär.

Azatlyk Radiosy: Seýitmyrat Öwezýbaýewiň ýurt üçin eden işleriniň gymmady nämeden ybarat bolupdyr?


N. Nurmämmedow: Seýitmyrat Öwezbaý milli türkmen döwletini, onuň infrastrukturasyny gurmak üçin elinde baryny, akyl-paýhasyny, guramaçylyk ukyplaryny batyrgaý ulanypdyr. Türkmençiligiň ata-baba sünnälän ahlak gymmatlyklarynyň üstünden ätläp geçmändir.

Käbir maglumatlara görä, Seýitmyrat Öwezbaý ýeke bir söweşjeň ofiser ýa-da syýasata gatnaşan şahsyýet hökmünde tanalman, ýazyjy hökmünde hem tanalan eken. Ol ýazyjylygynda esasy üns beren zady halka mahsus bolan folklory toplamaklyk bolupdyr. Emma şol edilen işleriň häzirki zamana nähili derejede ýetendigini men bilemok. Ýöne Amangeldi Gönübek hem şol hekaýada ýazan Gökdepe urşy baradaky eseri häzir halkyň öz içinde ürç edilip okalýan eser.

Ondan başga-da, Seýitmyrat Öwezbaý Orsýetde okap ýörkä hem-de ofiser hökmünde gulluk edýän döwründe, özüniň syýasy platformasyny kesgitlän adam. Onuň syýasy platformasynda türkmen halkyna goltgy bermek, türkmen durmuşynyň köneçe dowam edip bilmejekdigine akyl ýetirmek, geçmişde aýra düşen Buhara, Hywa, Owgan, Parsyýet, Orsýet türkmenlerini birleşdirmek ýaly syýasy-jemgyýetçilik ideýalar bar. Şol ideýalar onuň şahsyýet pozisiýasy. Şol ideýalary durmuşa geçirmek üçin, ol türkmeniň sowatly adamlary bilen bilelikde işlemegi özüniň wezipesi edip goýýar. Ol şonuň ýaly hem edýär. Türkmenistan döwletini gurmaga Kümüşaly Böriýew, Bekki Berdiýew ýaly öz egindeşlerini çekmegi başarypdyr.

Azatlyk Radiosy: Seýitmyrat Öwezbaýewiň soňky takdyry barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

N. Nurmämmedow: Seýitmyrat Öwezbaý 1932-nji ýylda gizlin kontr-rewolýusion hem milletçilik hereketinde aýyplanyp tussag edilýär. Bir ýyl geçensoň, ol öz ýoldaşlary doganlar Kakajan we Bekki Berdiýewler, Akmyrat Orazow, Kümüşaly Böriýew, Bäşim Pereňliýew, Orazmämmet Wefaýew dagy bilen bir hatarda şol wagtyň iň ýokary möhletli jezasy –10 ýyllyk tussaglyk jezasyna höküm edilýär. Her hili aýyplamalara hem jezalara sezewar edilip, olar Solowki lagerine iberilýär. Şol ýerde hem jezanyň entek ýarymy-da geçilmänkä, üçlügiň karary bilen atuw jezasyna höküm edilýärler. Höküm 27-nji oktýabrda, Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasynyň 13 ýyllygynda ýerine ýetirilipdir.

Azatlyk Radiosy: Taryhda Seýitmyrat Öwezbaýewiň şahsyýetini dikletmek bilen näme gazanyp bolar?

N. Nurmämmedow: Şeýle etmek bilen biz taryhy hakykaty gazanyp bileris. Seýitmyrat Öwezbaýew ýaly şahsyýetleriň ykbaly halka aýan edilse, onda şol döwürdäki taryhy wakalara syýasy bahanyň berilmegine ýol açylardy. Ol bolsa bize iň gerek zadyň biri. Biz şonuň üsti bilen özümiziň gelejegimizi kesgitlärdik. Biz ýalançylykdan çykardyk.

Azatlyk Radiosy: Seýitmyrat Öwezbaýewiň şahsyýetini nähili dikeltmeli, ýagny bu ugurda nämeler etmel diýip pikir edýärsiňiz?

N. Nurmämmedow: Meniň pikirimçe, ilki bilen Seýitmyrat Öwezbaýewiň ýazan eserlerini gözlemeli hem olary çap etmeli. Onuň taryhda, syýasatda galdyran işlerini dikeltmek üçin, ylmy-barlag işlerini geçirmek gerek. Onuň adyny ebedileşdirmek üçin, köçelere adyny dakmaklyk, onuň ýadygärligini döretmek maksadalaýykmyka diýýän. Onsoňam, Seýitmyrat Öwezbaý tussag edilende, onuň yzynda 14 ýaşly Rahman Öwezbaýew diýen ogly galypdyr. Şol wagt ol Aşgabat şäherindäki mekdepleriň birinde okaýan eken. Häzirki bar maglumatlarda onuň ogly barada hiç zat aýdylmaýar. Onuň oglunyň soňky ykbaly anyklansa örän ýerlikli bolardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyna 20 ýyla ýakyn wagt geçip barýar. Näme üçin häzire çenli şeýle tanymal adamlaryň geçen ömür ýoly halka aýan edilmedi?

N. Nurmämmedow: Onuň birnäçe sebäbi bar. Şol sebäpleriň ilkinjisi S. Nyýazow garaşsyz türkmen döwletini dörediji hökmünde diňe özüni görkezmek isledi. S. Nyýazow häzirki zaman türkmen döwletini döretmeklikde ilkinji roly özüne almak isledi.

Ikinji sebäp: eger-de türkmen sowet sosiýalistik respublikasyny döretmäge gatnaşan taryhy şahslaryň ömür beýany dolulygyna halka ýetirilse, şol döwürdäki bolup geçen wakalara syýasy baha bermeli bolardy. Şol wakalaryň içinde “basmaçylyk” diýip atlandyrylan türkmeniň öz azatlygy, erkinligi, ýurdy hem maly-mülki ugrunda alyp baran göreşi hem bardy. Häzirki wagta çenli şol göreşe gatnaşan adamlar reabilitasiýa edilmedi. Şol gerçekleriň hereketine mynasyp baha berilmedi. Bu sebäpler Seýitmyrat Öwezbaýew ýaly şahslaryň taryhy geçmişini dekeltmäge päsgel berip gelýär diýip, hasap edýän.
XS
SM
MD
LG