Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Laden öldürildi


Terror topary “Al-Kaýdanyň” lideri Osama bin Laden Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda geçirilen operasiýada öldürildi. Berilýän maglumata görä, ol Pakistanda, Yslamabadyň etegindäki öýünde öldürilipdir.

Operasiýada Birleşen Ştatlaryň harbylaryndan we ýerli parahat ýaşaýjylardan ejir çeken ýok diýlip, habar berilýär.

Munuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hem Ak Tamda ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

Obama ABŞ-nyň yslama garşy söweşmeýändigini we Bin Ladeniň musulman lideri däl-de, eýsem ganhor bolandygyny belläp geçdi.

Bin Laden taryhyň ençeme ganly hüjümlerini, şol sanda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terror hüjümlerini hem planlaşdyrypdy.
XS
SM
MD
LG